

Habarlar
-
14.04.2022
«AŞGABAT» FUTZAL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY
Türkmenistanyň zenanlaryň arasyndaky futzal çempionaty «Aşgabat» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Jemleýji oýunda «Aşgabadyň» futzalçy zenanlary «Balkan» toparyny 5:0 hasabynda ýeňdiler. 2-nji we 3-nji orunlary degişlilikde «Ahal» we «Lebap» toparlary eýelediler.
Mariýa Çaryýewa («Aşgabat») 4 pökgi bilen ýaryşyň iň netijeli futzalçysy boldy. Maýa Musasskaýa («Aşgabat») ýaryşyň iň ökde oýunçysy, Bahar Halylowa («Ahal») ýaryşyň iň ökde derwezeçisi diýlip yglan edildi.
Çempionata zenanlaryň futzal toparlarynyň 4-si («Aşgabat», «Balkan», «Ahal», «Lebap») gatnaşyp, olaryň aýlawly ýaryşda çempiony kesgitländiklerini ý...
-
14.04.2022
ÝURDUMYZYŇ FUTBOL TOPARY ÝENE-DE AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASYNDA ÇYKYŞ EDER
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirlginiň «Ahal» topary 19 ýyldan soň ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder. Bu AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ygtyýarnama alandan soň belli boldy.
Geçen möwsümde «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynda altynjy gezek kümüş medaly eýeledi we ilkinji ge...
-
14.04.2022
14-16-NJY APRELI ARALYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ TENNIS FEDERASIÝASY UNISEF BILEN BILELIKDE «ÇAGALARYŇ ...
14-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasy (UNISEF) bilen bilelikde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda «Çagalaryň tennis festiwalyny» gurar.
Bu çäre Halkara saglyk gününe bagyşlanyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak hem-de sporty ýurdumyzda ýaýbaňlandyrmak maksadyny öz öňünde goýýar.
Festiwalyň çäklerinde çagalar we ýetginjekler üçin ýaryşlar, şeýle-de açyk sapaklar we bäsleşikler geçiriler.
14-nji we 15-nji aprelde 18:00-da açyk gapylar günleri geçirilip, tennis bilen ýakyndan tanyşmak isleýänleriň ählisi bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.
www.mfa.gov...