Olimpiýa şäherçesi barada
Olimpiýa şäherçesi barada
Sport toplumlary
Sport toplumlary
Myhmanhanalar
Myhmanhanalar
Prezident lýuksy - 1; bir orunlyk otag - 136; iki orunlyk otag - 36; lýuks otag - 45; apartamentler - 5; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 2; 5 sany mejlisler zaly - 114; 2 sany restoran - 256; bar -58; laundj bar - 71; konditer önümleri kafesi- 45; SPA merkezi
«Sport» myhmahanasynyň sygymlylygy 800
Prezident lýuksy - 2; 1 orunlyk otag - 228; 2 orunlyk otag - 108; lýuks otag - 48; apartamentler - 64; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 8; mejlisler zaly - 700; 4 sany restoran - 1030; 2 sany kafe - 178; SPA merkezi
Infrastruktura
Infrastruktura
Beýiklihi 6 m-dan 13 m çenli; 8 sany duralga; bir otlynyň sygymlylygy 70 adam; tizligi 46km/sag (iň ýokary ttizlik 70 km/sag);
Saglygy dikeldiş merkezi
MRT; UZI; EKG; refleksoterapiýa; wakum terapiýa; galwan terapiýa; fizioterapiýa; elektroterapiýa; doplerografiýa. labaratoriýa; gimnastika zaly; hassalar üçin 8 sany otag; 1 massaž otagy; 1 howuz (basseýn); 1 kafe.
SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ TOPLUMY
SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ TOPLUMY
ULY TÜRGENLEŞIK ZALLARY
ULY TÜRGENLEŞIK ZALLARY
BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT TOPLUMY
BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT TOPLUMY
KIÇI TÜRGENLEŞIK ZALLARY
KIÇI TÜRGENLEŞIK ZALLARY
WELOTREK SPORT TOPLUMY
WELOTREK SPORT TOPLUMY
TENNIS TOPLUMY
TENNIS TOPLUMY
OLIMPIÝA SUW TOPLUMY
OLIMPIÝA SUW TOPLUMY
ÝEŇIL ATLETIKA TOPLUMY
ÝEŇIL ATLETIKA TOPLUMY
KÖP UGURLY AÇYK SPORT MEÝDANÇALARY
KÖP UGURLY AÇYK SPORT MEÝDANÇALARY
AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY
AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY
SAGLYGY DIKELDIŞ MERKEZI
SAGLYGY DIKELDIŞ MERKEZI
TÜRGENLER ÜÇIN MYHMANHANALAR
TÜRGENLER ÜÇIN MYHMANHANALAR
“SPORT” myhmanhanasy
“SPORT” myhmanhanasy
“OLIMPIÝA” myhmanhanasy
“OLIMPIÝA” myhmanhanasy
MONORELS
MONORELS
Olimpiýa şäherçesi barada
Fotogalereýa
Habarlar
«Arkadag» futbol toparynyň kapitany Ahmet Ataýewiň Eýranyň «Gol Gohar» toparynyň derwezesine geçiren goly AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda iň gowy gollaryň biri diýlip ykrar edildi. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy Günbatar zolagynda geçirilen duşuşyklaryň iň gowy gollarynyň wideo ýygyndysyny hödürledi.
Ýygyndynyň içine Ataýewiň golundan başga-da, Abderrezak Hamdallanyň («Al-Taawun»), Bobur Abdiholikowyň («Nasaf») we Aleksandr Mitrowiçiň («Al-Raýýan») geçiren gollary hem girizildi.
«B» toparçanyň çäklerinde geçirilen duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Arkadag» stadionynda boldy. Öý eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ataýew duşuşygyň 77-nji minutynda tapawutlandy. Arzuwguly Sapargulyýewiň jerime meýdançasyna geçiren topundan soň, myhman toparyň goragçylary pökgini şowsuz ýagdaýda uzaklaşdyrdylar. Şanazar Tirkişow pökgini kapitanyna geçirdi, Ataýew bolsa jerime meýdançasynyň içinden çep aýagy bilen güýçli urgy edip, ony derwezä gönükdirdi. Duşuşyga FIFA-nyň emininiň derejesine eýe bolan Malaýziýadan Razlan Joffri Bin Aliniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi.
Bu ýeňiş Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» toparynyň toparçalaýyn tapgyrdaky ikinji ýeňşi boldy. «Arkadag» 7 utuk toplap, «B» toparçada ikinji orny eýeleýär. Toparçada 10 utuk bilen «Al-Jazira» öňdeligi eýeleýär we eýýäm 1/8 finala çykmagy kepillendirdi. Ondan soň «Al-Muharrak» (3 utuk) we «Gol Gohar» (2 utuk) toparlary gelýär. Sebitdäki ýagdaý sebäpli eýran topary öz meýdançasyndaky duşuşyklary Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirýär.
Galan tapgyrlarda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar. 1/8 finalyň oýunlary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda geçiriler.
36 ýaşly Ahmet Ataýew «Arkadag» toparynda 88-nji belgili köýnekçede çykyş edýär. Ol şu möwsümde AFK-2 Çempionlar ligasynyň dört duşuşygynyň ählisine gatnaşyp, bir gol geçirdi.
Futbol ýoluny «Talyp sporty» toparynda başlan Ataýew soňra «Aşgabat» we HTTU toparlarynda çykyş etdi. 2014-nji ýylda «Altyn Asyr» toparyna geçdi. 2017-nji ýylda Indoneziýa gidip, «Arema» we «Persela» toparlarynda oýnady. 2019-njy ýylda bolsa Malaýziýanyň «Sabah» toparynyň düzüminde çykyş etdi. 2020-nji ýyldan başlap ýene-de «Altyn Asyr» toparynda oýnan futbolçy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri «Arkadag» toparynyň düzüminde çykyş edýär.
Ahmet Ataýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirdi. Ol milli ýygyndynyň düzüminde jemi 39 duşuşykda çykyş edip, bir gol geçirdi.
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününiň dowamynda iki altyn we iki bürünç medal gazandylar. Baýraklaryň ählisi söweş sambosy boýunça gazanyldy.
Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medala mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Mümünjan Arzykulyýew dünýä çempiony boldy.
Bürünç medallary Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) we Gurbanbaý Gurbanow (50 kilograma çenli) gazandylar.
Ýubileý dünýä çempionaty 6–8-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Oňa 101 döwletden türgenler gatnaşýar. Bu bolsa Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda rekord görkezijidir.
Ýaryşyň açylyş dabarasyna FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow gatnaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda sambonyň ilçileri Fýodor Ýemelýanenko we Yslam Mahaçew hem bar.
Federasiýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň maksatnamasyna kör zenanlaryň arasynda sambo boýunça ýaryşlar hem girizildi. Ýaryşlar 8-nji noýabrda tamamlanýar.
7–8-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde «Samarkand Marathon» atly halkara marafon ýaryşy geçiriler. Ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bolar. Ýurdumyzdan «Tm Run Club» ylgawçylar jemgyýetiniň 11 agzasy bu marafon ýaryşyna gatnaşar.
Türkmen türgenleri 5 km, 10 km we 21,1 km aralyklara ylgamakda güýç synanyşarlar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl 42,2 km aralyga dürli ýurtlardan gelen ussat türgenler, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna gatnaşan türgenler hem çykarlar.
2025-nji ýylda geçirilen «Samarkand Marathon» marafon ýaryşyna 53 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşdy. 2026-njy ýylyň marafonyna bolsa häzirki wagta çenli 72 ýurtdan ylgawçylar hasaba alyndy.
Ýaryşyň badalga we pellehana nokatlary Registan meýdançasynda ýerleşer. Marafonyň belli bir ugry bolsa Samarkandyň taryhy merkezinden geçer.
23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi.
Ýaryşlar küşt oýnunyň üç görnüşi — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirildi. Oňa geljegi uly ýaş türgenler, tejribeli ussatlar hem-de küşt sportunyň weteranlary gatnaşdylar.
Kubogyň esasy gahrymanlarynyň biri Amanmuhammet Hommadow bolup, ol «A» toparçasynda nusgawy küşt we rapid görnüşleri boýunça birbada iki ugurda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär. Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda ol mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplap, ýokary taýýarlygyny we durnukly oýun ussatlygyny görkezdi.
Ikinji orny Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew 8,5 utuk bilen eýeledi. Üçünji orny bolsa 8,5 utuk toplan Ilhan Çaryýew gazandy.
«STANDARD-B» toparçasynda nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda 10 utuk toplan Täçmyrat Serdarow ýeňiji boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Emine Tokgaýewa eýeledi.
«RAPID-A» toparçasynda Amanmuhammet Hommadow 9 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ondan soňky orunlary 8,5 utuk bilen Orazaly Şyhalyýew we 8 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýelediler.
«RAPID-B» toparçasynda hem Täçmyrat Serdarow tapawutlanyp, 10 utuk bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Nurmuhammet Azymow eýeledi.
«BLITZ-A» toparçasynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew 9,5 utuk toplap, ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Leýla Şöhradowa, üçünji orny bolsa 8,5 utuk bilen Ahmet Gubataýew eýeledi.
«BLITZ-B» toparçasynda 10 utuk toplan Aýnur Batyrowa birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Nurmuhammet Azymow, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Azat Rejepow eýeledi.
Esasy ýaryş toparlaryndan başga-da, guramaçylar ilkinji gezek weteran küştçüler üçin aýratyn ýaş toparlaryny döretdiler. Bu täzelik ýaryşyň gerimini giňeltmek we dürli ýaşdaky gatnaşyjylary has giňden gurşap almak üçin möhüm ädim boldy.
65 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda halkara derejeli ussat, Türkmenistanyň çempiony we ýurduň iň güýçli küştçileriniň biri Karen Grigorýan 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orny 5 utuk bilen Mämmetanna Halymow, üçünji orny hem 5 utuk bilen Myrat Ýakubow eýelediler.
50 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda bolsa Akmeret Kakalyýew 4,5 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Gaýgysyz Tagyýew hem 4,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Üçünji orna 4 utuk toplan Kamil Romanow mynasyp boldy.