AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

BIZ BARADA

  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin sporty we ýokary netijeli sporty ösdürmek hem-de türkmen türgenlerini iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň sebitinde deňi-taýy bolmadyk halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän Olimpiýa şäherjigi gurulyp ulanmaga berilmegi türkmen halkynyň bagtyýar abadan durmuşyny üpjün etmekde alnyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.


  Olimpiýa şäherjigi paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözelligi hem-de bu ýerdäki beýleki sport we bedenterbiýe ähmiýetli binalar bilen umumy sazlaşygy emele getirip, ak şäherimiziň aýratyn bezegine öwrüldi.



  2017-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirligi döredildi. Olimpiýa şäherjigi öz içine alýan sport desagalary we binalary, iki sany myhmanlar üçin myhmanhanalary we türgenler üçin alty binaly myhmanhanasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky edarasy bolup durýar.


  Olimpiýa şäherijiginiň ýuridiki salgysy: Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Olimpiýa şäherjigi, 7-nji jaýy. +993-12-46-18-66 Faks: +99312-46-18-55


  Olimpiýa şäherjiginiň işiniň esasy maksady: ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin sporty we ýokary netijeli sporty ösdürmek hem-de türkmen türgenlerini iri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak.


  Häzirki wagtda Olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän esasy hereketlendiriji sport desgalary, sporta höwesli müňlerçe türkmen ýaşlarynyň ussat türgenler bolup ýetişmegi üçin döwrebap mümkinçilikleri bolan we halkymyza sportyň ähli ugurlary boýunça hyzmat edip durýarlar.


  Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalaryna ýanaşyk uly we kiçi türgenleşik zallarynyň hem bina edilmegidir. Esasy bina ýanaşyk Sportuň oýun we başa-baş söweş sungaty görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini alyp barmaga ýöriteleşdirilen her biri üç aýry bölekden ybarat ýüzlerçe tomaşaçy orunlyk uly we kiçi zallarynyň bina edilmegi esasy sport desgalaryny maksadalaýyk ulanmaga mümkinçilik berýär. Türgenleşik zallarynyň düzüminde ençeme kiçi türgenleşik zallarynyň bardygyny we bu ýerde sportuň başa-baş söweş we oýun görnüşleriniň ählisi boýunça türgenleşikleri alyp barmaga, şeýle-de yklym we dünýä derejeli ýaryşlary guramaga döwrebap mümkinçilikleriň döredilendigi aýtmak gerek.