

Olimpiýa şäherçesi barada


Sport toplumlary


Myhmanhanalar
Prezident lýuksy - 1; bir orunlyk otag - 136; iki orunlyk otag - 36; lýuks otag - 45; apartamentler - 5; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 2; 5 sany mejlisler zaly - 114; 2 sany restoran - 256; bar -58; laundj bar - 71; konditer önümleri kafesi- 45; SPA merkezi
«Sport» myhmahanasynyň sygymlylygy 800
Prezident lýuksy - 2; 1 orunlyk otag - 228; 2 orunlyk otag - 108; lýuks otag - 48; apartamentler - 64; mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin otaglar - 8; mejlisler zaly - 700; 4 sany restoran - 1030; 2 sany kafe - 178; SPA merkezi


Infrastruktura
Beýiklihi 6 m-dan 13 m çenli; 8 sany duralga; bir otlynyň sygymlylygy 70 adam; tizligi 46km/sag (iň ýokary ttizlik 70 km/sag);
Saglygy dikeldiş merkezi
MRT; UZI; EKG; refleksoterapiýa; wakum terapiýa; galwan terapiýa; fizioterapiýa; elektroterapiýa; doplerografiýa. labaratoriýa; gimnastika zaly; hassalar üçin 8 sany otag; 1 massaž otagy; 1 howuz (basseýn); 1 kafe.


SPORTUŇ OÝUN GÖRNÜŞLERINIŇ TOPLUMY


ULY TÜRGENLEŞIK ZALLARY


BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT TOPLUMY


KIÇI TÜRGENLEŞIK ZALLARY


WELOTREK SPORT TOPLUMY


TENNIS TOPLUMY


OLIMPIÝA SUW TOPLUMY


ÝEŇIL ATLETIKA TOPLUMY


KÖP UGURLY AÇYK SPORT MEÝDANÇALARY


AŞGABAT OLIMPIÝA STADIONY


SAGLYGY DIKELDIŞ MERKEZI


TÜRGENLER ÜÇIN MYHMANHANALAR


“SPORT” myhmanhanasy


“OLIMPIÝA” myhmanhanasy


MONORELS
Olimpiýa şäherçesi barada



Fotogalereýa














Habarlar

Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.
Yklym birinjiliginde 102 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Dawranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 182 kilogramy eýgerip, ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezdi we kiçi altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 195 kilogram agyrlygy galdyrdy.
Netijede iki görnüşiň jemi boýunça 377 kilogram görkeziji bilen uly bürünç medalyň eýesi boldy. Bu agram derejede birinji orny umumylykda 410 (180+230) kilogram netije görkezen hytaýly Liu Huanhua, ikinji orny bolsa jemi 386 (165+221) kilogram görkeziji bilen gazagystanly Artýom Antropow eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty şu ýyl Hytaýda geçirilýär. 9-njy maýda başlanan ýaryş şu gün — 15-nji maýda tamamlanar.

2025-nji ýylyň 11–12-nji maýy aralygynda Kuweýtde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 45-nji Baş Assambleýasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Baş Assambleýanyň işine Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki Prezidenti Tomas Bah, täze saýlanan Prezidenti Kirsti Kowentri, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, Aziýa federasiýalarynyň prezidentleri, şeýle hem Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow we Aziýanyň 45 döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Timoti Fok we Baş direktory Huseýn Al Mussallam çykyşlarynda Aziýada Olimpiýa hereketiniň ösüşine aýratyn üns berdiler. Olar guramanyň sport derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary taýýarlamak, gender deňligini we dolandyryş durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajyp ähmiýetini bellediler.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji çempionlyk ady bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri AFK-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
Türkmen kluby final duşuşygynda Kambojanyň häzirki çempiony «Swaýrieng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Pnompeniň stadionynda 51 600 janköýeriň tomaşa etmeginde geçdi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) geçirdi. Meýdança eýeleriniň tarapyndan Saret Kria (82-nji minut) tapawutlanmagy başardy.
«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlaýaryn. Türkmenistanyň we Kambojanyň futbol federasiýalary öz klublaryna yklym sahnasynda ösmek üçin depginli gurşaw döredendikleri aýratyn öwgä mynasypdyr» — diýip, AFK-nyň metbugat gullugy şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifanyň sözlerini getirýär.
Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Arkadag» kluby, köp hünärmenleriň birnäçe braziliýaly legionerleriň çykyş edýän Kambojanyň komandasyna artykmaçlyk berendiklerine garamazdan, bu üstünlige ýetmegiň hötdesinden geldi. Munuň üstesine-de, oýun «Swaýriengiň» öz stadionynda geçdi.
AFK-nyň prezidenti şeýle-de bu ýaryşa gatnaşan 18 kluba we federasiýalara AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji ýaryşyny üstünlikli geçirmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we merkezleşdirilen toparçalaýyn tapgyryň guramaçylarynyň işini belläp geçdi.
«Bu täze taryhy sahypa ähli gatnaşyjylaryň goldawy bolmasa ýazylmazdy. Men toparçalaýyn tapgyrlary guraýjylara we AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji möwsümini geçirmäge goşant goşan sahna arkasynda işlänleriň hemmesine minnetdarlygymy bildirýärin» - diýip, Aziýa futbol konfederasiýasynyň baştutany nygtady.

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy indiki möwsümde Türkmenistanyň üç toparynyň Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlaryna gatnaşmagyna şert döretdi.
«Arkadag» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma eýe çykdy.
«Ahal» bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky ýoluny saýlama tapgyryndan başlar. Türkmen topary ýeňen halatynda, turniniň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazanar. Ýeňlen ýagdaýynda bolsa ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.
Şeýle-de «Altyn Asyr» topary indiki möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.
Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Swaýriýeng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen toparynyň düzüminde 59-njy minutda Mekan Saparow we 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.
Ýaryşyň jemleri boýunça «Arkadagyň» iki oýunçysy şahsy baýraklara hem mynasyp boldy. Has takygy, finalda ýeňiş goluny uran Altymyrat Annadurdyýew 5 gol bilen turniriň «Iň netijeli oýunçysy» bolan bolsa, Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.