AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy Özbegistanda halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Özbegistan Respublikasynyň Çyrçyk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýär. Türgenler tälimçileriň ýolbaşçylygynda fiziki, tehniki we taktiki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda sport ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen türgenleşikleri alyp barýarlar.

 

Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna zenan türgenlerden Anamjan Rustamowa, Medine Amanowa, Ogulşat Amanowa, Gülälek Kakamyradowa, Asal Kerimbaýewa, Zybagül Söýmüşowa, Şabnam Kerimbaýewa we Ogulgereк Amanowa, erkek türgenlerden bolsa Rejepbaý Rejepow, Babur Amangeldiýew, Gaýgysyz Töräýew, Galgan Rahmanow, Nurbek Azamatow, Şahzatbek Mätýakubow, Bektimur Reýimow we Hajymyrat Gylyçmyradow gatnaşýarlar. Ýygyndy toparyna baş tälimçi Meretguly Sähetmyradow ýolbaşçylyk edýär. Oňa tälimçiler Hojamuhammet Toýçyýew bilen Ömürbek Bazarbaýew kömek berýärler.

 

Bellenilişi ýaly, şeýle okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary türgenlere özara tejribe alyşmaga, türgenleşik işlerini kämilleşdirmäge we öňde boljak ýaryşlara düýpli taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary ýokary derejede oňaýly şertlerde geçirilýär we ol 5-nji dekabra çenli dowam eder.

18.11.2026
Türkmen pälwanlary Astanada geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda iki medal gazandylar

Türkmen türgenleri Astanada geçirilen kuraş boýunça 15-nji dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Žaksylyk Üşkempirow adyndaky başa-baş söweş sungaty köşgünde geçirilen ýaryşa 67 ýurtdan 192 pälwan gatnaşdy. Olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda hersi sekizden, jemi 16 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde alty türgen (iki zenan we dört erkek), tälimçi hem-de emin wekilçilik etdi.

90 kilograma çenli agram derejesinde 15 türgeniň arasynda çykyş eden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Ylham Kemalow kümüş medal gazandy. Ol finala barýan ýolunda türkiýeli Melih Topçuny we Russiýanyň wekili Sarkis Koçarýany möhletinden öň ýeňdi. Ýarym finalda bolsa duýduryşlar boýunça gazagystanly Beýbarys Nugmanowy ýeňlişe sezewar etdi. Jemleýji tutluşykda türkmen pälwany täjigistanly Haknazar Nazarowdan asgyn geldi.

66 kilograma çenli agram derejesinde 16 türgeniň arasynda çykyş eden Gadyr Agamämmedow bürünç medala mynasyp boldy. Ol ilkinji tutluşygynda Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, türkiýeli Denizhan Arany möhletinden öň ýeňdi. Soňra Russiýanyň wekili Daniil Gawrilowdan üstün çykdy. Ýarym finalda bolsa geljekki dünýä çempiony, täjigistanly Sarwar Abdüşükurowdan ýeňildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň baş sekretary Döwletgeldi Tejenow dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilen halkara eminler seminarynda synaglardan üstünlikli geçip, ikinji derejeli halkara emin derejesine eýe boldy. Oňa ýaryşyň tutluşyklaryna eminlik etmäge rugsat berildi.

Guşakly göreş Merkezi Aziýada dörän, türki halklaryň gadymy milli göreş görnüşidir. Onuň taryhy üç müň ýyla uzalyp gidýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) düzümine 118 sany milli federasiýa girýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, 33-si Ýewropa, 22-si Demirgazyk we Günorta Amerika, 9-sy bolsa Okeaniýa ýurtlaryna degişlidir.

Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatlary 1999–2002-nji ýyllarda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa iki ýylda bir gezek geçirilýär. 14-nji dünýä çempionaty 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirildi. Şonda türkmen türgenleri bäş altyn, alty kümüş we dört bürünç medal, jemi 15 medal gazandylar. Ilkibaşda häzirki dünýä çempionatyny 2025-nji ýylda Eýranda geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma sebitdäki durnuksyz ýagdaý sebäpli ýaryşy Gazagystanda geçirmek kararyna gelindi.

17.11.2026
«Kerwen» topary zenanlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

Aşgabat şäheriniň «Kerwen» topary zenanlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralan ýaryş 9–12-nji noýabr aralygynda Arkadag şäherinde geçirildi.

Kümüş medala Lebap welaýatynyň «Miras» topary, bürünç medala bolsa «Mary» topary mynasyp boldy. Ýaryşa, şeýle hem «Altyn täç» we «Balkan» toparlary gatnaşdy.

 

Birinjilik ýurtda zenanlar futbolyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär. Federasiýanyň berýän maglumatyna görä, ýaryş milli ýygyndynyň düzümine täze oýunçylary saýlap-seçip almak üçin hem mümkinçilik döredýär.

16.11.2026
Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen «RAF» ýaryşynyň tutluşygynda Kaýl Deýkden ýeňildi

Türkmen erkin göreş boýunça pälwany Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynyň tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolup, tutluşyk Deýkiň 10:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryş 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçirildi. «Cruiserweight» agram derejesinde liganyň häzirki çempiony bolan Deýk bu tutluşykda hem öz çempionlygyny goramagy başardy.

20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu «RAF» ligasyndaky ilkinji tutluşyk boldy.

«Turkmenportal» neşiriniň redaksiýasy Alp Arslan Begenjowa geljekde uly üstünlikleri we täze ýeňişleri arzuw edýär. Şeýle ýokary derejeli ýaryşdaky ilkinji tutluşykda, üstesine-de, häzirki döwrüň iň güýçli pälwanlarynyň biri bilen göreşde ýeňlişe sezewar bolmak ruhdan düşmäge sebäp bolmaly däldir. Ýaş türgeniň öňünde heniz uzak sport ýoly bar. Biz onuň geljekde hem muşdaklaryny ençeme gezek begendirjekdigine ynanýarys.

Ýeňşe bolan ynamyňy ýitirme, Alp Arslan! Tutuş Türkmenistan seniň bilen!

13.11.2026
Türkmen türgenleri Samarkantda geçen bäsleşikde 27 medal gazandylar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandylar. Milli ýygyndynyň türgenleri örän ýokary derejede taýýarlyk görkezdi we jemi 27 medal — 21 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berdi. 

Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazgeldi Orazgeldiýew 90 kilogram agramda uniwersal söweşiň laýt ugrundan oktagona çykyp, altyn medal gazandy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň ezber türgeni, polisiýanyň podpolkownigi Şöhrat Orazgeldiýew 57 kilogram agram derejesinde altyn medallaryň ikisini gazandy. Ol uniwersal söweşde tutluşyklaryň iň bir professional, has takygy doly galtaşyga mümkinçilik berýän derejesi bolan «elit» görnüşindäki çykyşynda özbek ussadyna garşy oktagona çykdy. Netijede türkmenistanly türgen tutluşygy bary-ýogy 32 sekuntda ýeňiş bilen tamamlamagy başardy.

Bu ýaryşda Seýran Orazgeldiýew üç medal gazandy. Aşgabatdaky 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy «laýt» görnüşden altyn, grepling hem-de nusgawy ugurlaryndan bolsa kümüş medallary aldy.

Aşgabat şäherindäki 57-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Muhammedaly Orazgeldiýew uniwersal söweşiň «nusgawy» we «laýt» görnüşlerinden altyn medallary gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Orazgeldiýew bolsa 54 kg-de «nusgawy» görnüşden altyn medalyň eýesi boldy.

Wekilbazar etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nagmat Hojamammedow 100 kg-dan ýokary agram derejesinde «nusgawy» görnüşi boýunça altyn medaly gazandy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Wepa Hojamammedow 86 kg-a çenli agram derejesinde «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde bürünç medalyň eýesi boldy. Eşret Gylyjow 77 kg-a çenli agramda «nusgawy», soňra bolsa 86 kg-a çenli derejede «laýt» görnüşlerde altyn medallary gazandy.

Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Kuwwat Şöhradow 67 kg-a çenli agram derejesinde «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde kümüş medallara mynasyp boldy.

Ýaş türgenleriň arasynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Süleýman Allaýew tapawutlandy. 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 74 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, ol «nusgawy» we «laýt» görnüşlerinde iki sany altyn medal gazandy. Şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Arsary Pirgulyýew 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 71 kg-a çenli agramda bäsleşip, «nusgawy» görnüşde altyn we «laýt» görnüşde bürünç medal aldy. Aşgabatdaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Emirhan Röwşenow 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 51 kg-a çenli agram derejesinde «laýt» görnüşde altyn we «nusgawy» görnüşde kümüş medalyň eýesi boldy.

Aşgabadyň 47-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mergen Gandyw 13 — 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 60 kg-a çenli agramda «nusgawy» görnüşde bürünç, «laýt» görnüşde bolsa altyn medala mynasyp boldy.

Türkmengala etrabynyň 19-njy mekdebiniň 63,5 kg-a çenli agramda çykyş eden 10-njy synp okuwçysy Merdan Täçew hem-de Ýolöten etrabynyň 2-nji mekdebiniň 44 kg-a çenli agramda çykyş eden okuwçysy Söhbet Çaryýew 13 — 15 ýaş toparynda çykyş edip, «nusgawy», hem-de «laýt» görnüşlerde altyn medallary gazandylar.

Görkezme çykyşlarda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Şöhrat Allaýew uluraryň arasynda altyn medal gazanyp, örän gowy netije görkezdi.

11.11.2026
«Arkadagyň» kapitany Ataýewiň goly AFK-2 Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynda iň gowy gollaryň hataryna goşuldy

«Arkadag» futbol toparynyň kapitany Ahmet Ataýewiň Eýranyň «Gol Gohar» toparynyň derwezesine geçiren goly AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji tapgyrynda iň gowy gollaryň biri diýlip ykrar edildi. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy Günbatar zolagynda geçirilen duşuşyklaryň iň gowy gollarynyň wideo ýygyndysyny hödürledi.

Ýygyndynyň içine Ataýewiň golundan başga-da, Abderrezak Hamdallanyň («Al-Taawun»), Bobur Abdiholikowyň («Nasaf») we Aleksandr Mitrowiçiň («Al-Raýýan») geçiren gollary hem girizildi.

«B» toparçanyň çäklerinde geçirilen duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Arkadag» stadionynda boldy. Öý eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ataýew duşuşygyň 77-nji minutynda tapawutlandy. Arzuwguly Sapargulyýewiň jerime meýdançasyna geçiren topundan soň, myhman toparyň goragçylary pökgini şowsuz ýagdaýda uzaklaşdyrdylar. Şanazar Tirkişow pökgini kapitanyna geçirdi, Ataýew bolsa jerime meýdançasynyň içinden çep aýagy bilen güýçli urgy edip, ony derwezä gönükdirdi. Duşuşyga FIFA-nyň emininiň derejesine eýe bolan Malaýziýadan Razlan Joffri Bin Aliniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi.

Bu ýeňiş Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» toparynyň toparçalaýyn tapgyrdaky ikinji ýeňşi boldy. «Arkadag» 7 utuk toplap, «B» toparçada ikinji orny eýeleýär. Toparçada 10 utuk bilen «Al-Jazira» öňdeligi eýeleýär we eýýäm 1/8 finala çykmagy kepillendirdi. Ondan soň «Al-Muharrak» (3 utuk) we «Gol Gohar» (2 utuk) toparlary gelýär. Sebitdäki ýagdaý sebäpli eýran topary öz meýdançasyndaky duşuşyklary Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirýär.

Galan tapgyrlarda Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar. 1/8 finalyň oýunlary 2027-nji ýylyň 9–18-nji fewraly aralygynda geçiriler.

36 ýaşly Ahmet Ataýew «Arkadag» toparynda 88-nji belgili köýnekçede çykyş edýär. Ol şu möwsümde AFK-2 Çempionlar ligasynyň dört duşuşygynyň ählisine gatnaşyp, bir gol geçirdi.

Futbol ýoluny «Talyp sporty» toparynda başlan Ataýew soňra «Aşgabat» we HTTU toparlarynda çykyş etdi. 2014-nji ýylda «Altyn Asyr» toparyna geçdi. 2017-nji ýylda Indoneziýa gidip, «Arema» we «Persela» toparlarynda oýnady. 2019-njy ýylda bolsa Malaýziýanyň «Sabah» toparynyň düzüminde çykyş etdi. 2020-nji ýyldan başlap ýene-de «Altyn Asyr» toparynda oýnan futbolçy 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri «Arkadag» toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Ahmet Ataýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirdi. Ol milli ýygyndynyň düzüminde jemi 39 duşuşykda çykyş edip, bir gol geçirdi.

10.11.2026
Türkmen samboçylary Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda dört medal gazandylar

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününiň dowamynda iki altyn we iki bürünç medal gazandylar. Baýraklaryň ählisi söweş sambosy boýunça gazanyldy.

Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medala mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Mümünjan Arzykulyýew dünýä çempiony boldy.

Bürünç medallary Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) we Gurbanbaý Gurbanow (50 kilograma çenli) gazandylar.

Ýubileý dünýä çempionaty 6–8-nji noýabr aralygynda geçirilýär. Oňa 101 döwletden türgenler gatnaşýar. Bu bolsa Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) taryhynda rekord görkezijidir.

Ýaryşyň açylyş dabarasyna FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow gatnaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda sambonyň ilçileri Fýodor Ýemelýanenko we Yslam Mahaçew hem bar.

Federasiýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň maksatnamasyna kör zenanlaryň arasynda sambo boýunça ýaryşlar hem girizildi. Ýaryşlar 8-nji noýabrda tamamlanýar.

09.11.2026
Türkmen ylgawçylary «Samarkand Marathon 2026» halkara marafonyna gatnaşarlar

7–8-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde «Samarkand Marathon» atly halkara marafon ýaryşy geçiriler. Ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bolar. Ýurdumyzdan «Tm Run Club» ylgawçylar jemgyýetiniň 11 agzasy bu marafon ýaryşyna gatnaşar.

Türkmen türgenleri 5 km, 10 km we 21,1 km aralyklara ylgamakda güýç synanyşarlar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl 42,2 km aralyga dürli ýurtlardan gelen ussat türgenler, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna gatnaşan türgenler hem çykarlar.

2025-nji ýylda geçirilen «Samarkand Marathon» marafon ýaryşyna 53 ýurtdan 10 müňe golaý türgen gatnaşdy. 2026-njy ýylyň marafonyna bolsa häzirki wagta çenli 72 ýurtdan ylgawçylar hasaba alyndy.

Ýaryşyň badalga we pellehana nokatlary Registan meýdançasynda ýerleşer. Marafonyň belli bir ugry bolsa Samarkandyň taryhy merkezinden geçer.

06.11.2026
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşyjylaryň sany barha artýar

23-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden küşt höwesjeňleriniň we ussat küştçüleriň barha köpüsini özüne çekýär. Eger 2024-nji ýylda ýaryşa 285 küştçi gatnaşan bolsa, şu ýyl olaryň sany 364-e ýetdi.

Ýaryşlar küşt oýnunyň üç görnüşi — nusgawy küşt, rapid we blis boýunça geçirildi. Oňa geljegi uly ýaş türgenler, tejribeli ussatlar hem-de küşt sportunyň weteranlary gatnaşdylar.

 

Kubogyň esasy gahrymanlarynyň biri Amanmuhammet Hommadow bolup, ol «A» toparçasynda nusgawy küşt we rapid görnüşleri boýunça birbada iki ugurda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär. Nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda ol mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplap, ýokary taýýarlygyny we durnukly oýun ussatlygyny görkezdi.

 

Ikinji orny Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew 8,5 utuk bilen eýeledi. Üçünji orny bolsa 8,5 utuk toplan Ilhan Çaryýew gazandy.

«STANDARD-B» toparçasynda nusgawy küşt boýunça geçirilen ýaryşda 10 utuk toplan Täçmyrat Serdarow ýeňiji boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Emine Tokgaýewa eýeledi.

 

«RAPID-A» toparçasynda Amanmuhammet Hommadow 9 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ondan soňky orunlary 8,5 utuk bilen Orazaly Şyhalyýew we 8 utuk bilen Ilhan Çaryýew eýelediler.

«RAPID-B» toparçasynda hem Täçmyrat Serdarow tapawutlanyp, 10 utuk bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Abdylla Çaryýew, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Nurmuhammet Azymow eýeledi.

 

«BLITZ-A» toparçasynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew 9,5 utuk toplap, ýeňiji boldy. Ikinji orny 9 utuk bilen Leýla Şöhradowa, üçünji orny bolsa 8,5 utuk bilen Ahmet Gubataýew eýeledi.

«BLITZ-B» toparçasynda 10 utuk toplan Aýnur Batyrowa birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny 9,5 utuk bilen Nurmuhammet Azymow, üçünji orny bolsa 9 utuk bilen Azat Rejepow eýeledi.

 

Esasy ýaryş toparlaryndan başga-da, guramaçylar ilkinji gezek weteran küştçüler üçin aýratyn ýaş toparlaryny döretdiler. Bu täzelik ýaryşyň gerimini giňeltmek we dürli ýaşdaky gatnaşyjylary has giňden gurşap almak üçin möhüm ädim boldy.

65 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda halkara derejeli ussat, Türkmenistanyň çempiony we ýurduň iň güýçli küştçileriniň biri Karen Grigorýan 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Ikinji orny 5 utuk bilen Mämmetanna Haly­mow, üçünji orny hem 5 utuk bilen Myrat Ýakubow eýelediler.

 

50 ýaşdan ýokary küştçüleriň arasynda bolsa Akmeret Kakalyýew 4,5 utuk bilen birinji orna mynasyp boldy. Gaýgysyz Tagyýew hem 4,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi. Üçünji orna 4 utuk toplan Kamil Romanow mynasyp boldy.

04.11.2026
Güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi

Aşgabatdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň soňky çapyşyklary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan on dört çapyşygyň birinjisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gyrmyzy atly at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji çapyşykda Hanjar diýen dor at ýeňiji boldy. Üçünji çapyşykda Dagbürgüt atly mele at öňdeligi saklady. Dördünji çapyşykda-da çekeleşikli pursatlar ýeterlik bolup, Gaýraly diýen bedew ýeňiş gazandy. Bäşinji çapyşykda mele gysrak Altynaý ýokary netije görkezdi.

Altynjy çapyşykda Akmelek öňe saýlandy. Ýedinji çapyşygyň ilkinji ornuny Akbedew eýeledi. Bedewlerden we olaryň çapyksuwarlaryndan ýokary ussatlygy talap eden sekizinji çapyşyk Maslahat diýen akýal mele atyň ýeňşi bilen tamamlandy. 2 müň metr aralyk boýunça ula giden dokuzynjy çapyşygyň netijeleri boýunça Älemgoşar atly dor gysrak öňe saýlandy. Onunjy çapyşykda Aýýyldyz ýyndamlygyny görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdi. On birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kiçimergen ýeňiş gazandy. Çapyşyklaryň on ikinjisinde Akpataly atly mele at ýeňşini baýram etdi. On üçünji çapyşykda Ýangyn atly dor at öňe saýlandy. Jemleýji çapyşyk Gutlynyň üstünligi bilen tamamlandy.

Balkan atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Oňa welaýatyň çar künjünden gelen atlar gatnaşdyryldy. Birinji tapgyrda ikiýaşar atlar 1 müň 200 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Ýeňiş Gülparça diýen bedewiň tarapynda boldy. Ikinji çapyşykda Serpaý atly dor at birinji orny eýeledi. Üçünji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşyp, Ýürekdeş diýen dor at pellehana ilkinji geldi. Dördünji çapyşykda Gujurly II atly bedew üstün çykdy. Jemleýji çapyşyga dört we ondan hem uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda Garabezirgen pellehanadan birinji bolup geçdi.

Lebap atçylyk sport toplumynda geçen çapyşyklarda-da ýyndam bedewler öňe saýlandy. Ilkinji çapyşykda Gülälek ýeňiji boldy. Ikinji çapyşykda Gubadag atly mele at ýeňiş gazandy. Üçünji çapyşykda Ýaran ýeňşini baýram etdi. Garaşsyz diýen bedew dördünji çapyşykda öňdäki orny elden bermedi. Jemleýji çapyşykda Saýadym atly gyr at ýeňiş gazandy.

Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyk myhmanlara şatlyk-şowhun paýlap, oňa ýyndam bedewleriň 40-a golaýy gatnaşdyryldy. Juda çekeleşikli geçen bäş çapyşykda ezber çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. At çapyşygynyň bäşinji tapgyrynda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 800 metr aralyga goýberildi. Aman Sapargeldiýewiň Arzuwym atly hojalyk aty pellehana ilkinji bolup geldi. Belli atşynas Wepa Ýagşybaýewiň seýislän, çapyksuwar Kerimberdi Pollaýewiň ezberlik bilen çapan ýyndam bedewi bu aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, at çapyşygyň şu tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Mary atçylyk sport toplumynda bäş çapyşyk guraldy. Olaryň birinjisinde Gubadag pellehana ilkinji bolup geldi. Ikinji çapyşykda Ş.Meredowyň hojalygyna degişli Pendiguş atly gara bedew ýeňiş gazandy. Täsirli geçen üçünji çapyşykda Keýmir diýen at pellehana birinji bolup geldi. Dördünji çapyşykda Garajaoglan öňdeligi elden bermän, ýeňşini baýram etdi. Jemleýji — bäşinji tapgyrda R.Läliýewiň hojalygyna degişli Toýçy diýen mele at beýleki bedewlerden tapawutly çapdy we ýeňiji boldy.

Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde guralan çapyşyklarda baýrakly orunlary eýelän atlara serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.

03.11.2026
Türkmen karateçisi Moskwada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň türgeni Dawut Nazmyradow «Moskwa – Karate älemi 2026» atly halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Karate-do federasiýasyna salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Ýaryş Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde geçirildi. Moskwanyň Sport departamenti we Russiýanyň Karate federasiýasy bu ýaryşyň bilelikdäki guramaçylary bolup çykyş etdi. Halkara ýaryşyna 46 ýurtdan 348 türgen gatnaşdy. Olaryň hatarynda Olimpiýa oýunlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri, dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem bar.

Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussadyna dalaşgär 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Toparlaýyn tapgyrda Dawut Nazmyradow Yrakly Said Braýar bilen geçirilen tutluşygy 5:5 hasabynda deňlikde tamamlady. Soňra ol Russiýanyň wekili Iwan Sokolowy 4:0, Serbiýanyň wekili Nikola Kaplarewiçi bolsa 2:0 hasabynda ýeňdi. 1/8 final tapgyrynda türkmen türgeni eýranly Morteza Nematiden 1:2 hasabynda ýeňildi we teselli beriji ýaryşda göreşini dowam etdirdi. Bu tapgyrda ol russiýaly Dmitriý Solomkony 3:0 hasabynda ýeňdi. Bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa Özbegistanyň wekili Mamaýusuf Mukimjonowy 3:1 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Dawut Nazmyradow ilkinji gezek 2022-nji ýylda özüni tanatdy. Şonda ol 18–24 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem Berlinde geçirilen «Banzai International Cup» halkara ýaryşynda we Çehiýanyň Pardubise şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda medallara mynasyp boldy. 2024-nji ýylda ol Manilada geçirilen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň ýaşlar çempionatynda we Hançžou şäherinde geçirilen ulularyň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy. Mundan başga-da, Ürgençde geçirilen «Uzbekistan Open» halkara ýaryşynyň we Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şu ýylyň güýzünde karateçi Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu medal Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şol ýaryşda gazanan iki kümüş medalynyň biri boldy.

Türgen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyn Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

«Moskwa – Karate älemi» halkara ýaryşy şu ýyl bäşinji gezek geçirildi. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle ýokary derejeli ýaryşlar halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär, tejribeli we ýaş türgenlere bolsa güýçli bäsdeşlik şertlerinde gymmatly ýaryş tejribesini toplamaga mümkinçilik döredýär.

 

02.11.2026
«Arkadag» AFK-2 Çempionlar ligasynyň duşuşygynda «Gol Gohar» bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen Eýranyň «Gol Gohar» topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi. Eýranyň kluby bu ýaryşdaky öz meýdançasynda kabul etmeli duşuşyklaryny şol şäherde geçirýär.

Duşuşykda toparlaryň hiç biri-de hasaby açmagy başarmady. Birinji ýarymda «Arkadag» has howply hüjümleri gurady. 27-nji minutda goragçy Arzuwguly Sapargulyýew 25 metr aralykdan çep aýagy bilen güýçli urgy geçirdi, emma «Gol Goharyň» derwezeçisi Farzin Garusian topy gaýtarmagy başardy. Dört minutdan soň Sapargulyýew ýene bir gezek derwezä urgy geçirdi, ýöne top derwezäniň ýokarysyndan geçdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda türkmen toparynyň hasaby açmak üçin birnäçe amatly pursat boldy. 71-nji minutda Meýlis Diniýew jerime urgusyndan soň kelle bilen topy derwezä gönükdirdi, emma top derwezäniň ýokarysyndan geçdi. Az salymdan Rahman Myratberdiýew ýakyn aralykdan urgy geçirdi, ýöne Garusian derwezäniň çyzygynda topy saklady.

Üç tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» dört utuk toplady, «Gol Goharyň» hasabynda bolsa iki utuk bar. Toparlaryň jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Soňra türkmen kluby 25-nji noýabrda myhmançylykda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen duşuşar.

Ýaryşyň 1/8 final tapgyryna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki topar çykar.

29.10.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 65