Management of the Olympic town of
Administration of the Ashgabat city

19.10.2026

«Ahal» kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji duşuşygynda Butanyň çempiony bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Butanyň «Paro» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçirildi. Türkmen kluby 2:0 hasabynda öňe saýlanandygyna garamazdan, duşuşygyň 90-njy minutynda derwezesine ikinji goly goýberip, ýeňşi elden gidirdi

«Ahal» 26-njy minutda hasaby açdy. Süleýman Mirzoýewiň pasyndan soň Aşyr Jumadurdyýew ýakyn aralykdan topy derwezäniň aşaky çep burçuna gönükdirdi. 38-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow çep aýagy bilen uzak aralykdan urgy edip, topy derwezäniň ýokarky çep burçuna gönükdirdi we toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi.

Arakesmeden soň «Paro» hasapdaky tapawudy azaltdy. 54-nji minutda Sidiki Jawara jerime urgusyndan çep aýagy bilen topy derwezäniň aşaky sag burçuna gönükdirip, hasaby 1:2 etdi. Duşuşygyň 90-njy minutynda bolsa Abduli Baldäniň gapdaldan geçiren pasyndan soň Mustafa Jallo kellesi bilen topy derwezä girizip, hasaby deňledi. Duşuşygyň baş emini esasy wagta bäş minut goşdy, ýöne galan wagtda hasap üýtgemedi.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» AFK-nyň Çagyryş ligasyna ilkinji gezek gatnaşýar. «Paro» bolsa Butanyň çempiony diýen ada alty gezek mynasyp boldy. Topar şu möwsümde ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna yzly-yzyna üçünji gezek gatnaşmaga hukuk gazandy.

«A» toparçada Siriýanyň «Al-Ittihad» we Liwanyň «Al-Ansar» klublary hem çykyş edýär. «Ahal» indiki duşuşygyny 20-nji oktýabrda «Al-Ittihad» toparyna garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. Türkmenistanyň kluby toparçadaky çykyşyny 23-nji oktýabrda «Al-Ansar» bilen oýny bilen tamamlar. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Toparçanyň ähli duşuşyklary Thimphu şäherinde bir aýlawly ulgam boýunça geçirilýär. Çärýek finala jemi sekiz topar çykar: Günbatar zolagyndan toparçalaryň üç ýeňijisi we ikinji orunlary eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen topar, Gündogar zolagyndan bolsa her toparçanyň iň gowy iki topary indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.