Management of the Olympic town of
Administration of the Ashgabat city

28.10.2026

Türkmenistanyň U-15 ýaşly futbol ýygyndysy dünýä çempionatynda Kanadadan ýeňildi

Azerbaýjanda geçirilýän Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) 15 ýaşa çenli futbolçylaryň arasyndaky dünýä çempionatynda we futbol festiwalynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy D torunyň 1/16 final tapgyrynda Kanadanyň ýygyndysyndan ýeňildi. Gowsan şäherinde geçirilen duşuşyk kanadalylaryň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Toparçalaýyn tapgyrda türkmen futbolçylary bäş duşuşyk geçirdiler. Olar Gonkongyň (2:1) we Kuk adalarynyň (3:1) ýygyndylaryny ýeňdiler, emma Italiýanyň (1:5), Kataryň (0:4) we Beniniň (1:4) ýygyndylaryndan asgyn geldiler. Türkmenistanyň ýygyndysy L toparynda dördünji orny eýeläp, 97–128-nji orunlar ugrunda göreşilýän D toruna düşdi.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňlen toparlar ýaryşdan çykarylmaýar, eýsem, özleri ýaly ýeňlişe sezewar bolan garşydaşlary bilen duşuşyklaryny dowam etdirýärler. A–F aralygyndaky alty toruň her birinde ýeňiji bolan toparlar öz diwizionlarynyň ýeňijileri diýlip yglan ediler. Ýaryşyň umumy çempiony bolsa A torunda iň gowy netije görkezen topar bolar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň indiki garşydaşy Siriýanyň ýygyndysy bolar. Siriýalylar 1/16 final tapgyrynda Andorradan 1:2 hasabynda ýeňildiler.

Ýaryşyň duşuşyklary kiçeldilen ölçegdäki meýdançalarda 8×8 görnüşinde geçirilýär. Toparlar her biri 20 minut dowam edýän iki taým oýnaýarlar. Her bir ýygyndy ýaryşyň dowamynda azyndan 10 duşuşyk geçirer. Bäsleşik 31-nji oktýabrda tamamlanar.