AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

27.08.2023

Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleri Arkadag şäherinde türgenleşerler

Habar berşimiz ýaly, 26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine bardy we ol ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň täze derejelere ýetýändigini aýdyp, täze şäherde iri halkara sport ýaryşlaryny, türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly degişli Karara gol çekendigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen türgenleriniň türgenleşik geçmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.