AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

05.06.2024

Türkmenistan milli futbol topary Özbegistan bilen oýundan öň türgenleşik geçirdi

“E” toparynda Özbegistan milli ýygyndysyna garşy 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama turniriniň ikinji raundynyň bäşinji tapgyryna taýynlyk görmek üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysy Daşkentde ilkinji türgenleşigini geçirdi.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 6-njy iýunda penşenbe güni Bunýodkor stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 19: 30-da başlar.

1-nji iýunda Antalýada Türkmenistan bilen Grenlandiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda dostlukly oýun geçirildi. Duşuşyk 5: 0 hasabynda türkmen toparynyň ýeňişi bilen tamamlandy.

Dünýä çempionaty 2026. Saýlama turniri

Ikinji raund. "E" topary

5-nji tapgyr

  • 6-njy iýun (penşenbe)
  • Başlaýan wagty - 19:30
  • Özbegistan - Türkmenistan
  • Daşkent, Bunyodkor stadiony