AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

14.09.2023

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji finalçylary belli boldy

Aşgabat şäherinde 11-nji sentýabrda başlanan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär. «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň tennis kortlarynda geçirilýän ýaryşa ýurduň dürli sebitlerinden dürli ýaş derejelerindäki türgenler gatnaşýar.

18 ýaşdan uly erkekleriň arasynda ýarym finala çykan tennisçiler belli boldy. Ýarym finalda Ýuriý Rogusskiý Hajymyrat Çaryýew bilen, Meýlis Orazmuhammedow bolsa Altymyrat Gurbanow bilen duşuşar. Ilima Guseýnowa bilen Sabrina Rahmanowa bolsa zenanlaryň arasynda finala çykdy. Bürünç medal ugrunda Rožan Garajaýewa bilen Aýşa Bikbulatowa güýç synanyşar.

Ýaryşyň ýeňijileri şu ýylyň 16 — 23-nji oktýabry aralygynda Türkiýede geçiriljek Dewisiň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Çempionatyň ýapylyş dabarasy 17-nji sentýabrda bolar.