AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.06.2024

Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli

Ozal habar berşimiz ýaly, «PFL» promouşeniniň esasy kardynda türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow hem oktagona çykar. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda çykyş edýän kamerunly Simon Biýong bolar.

Döwletjan Ýagşymyradow

Döwletjan, ilkibaşda 6 ýyllap karate bilen meşgullanýar, soňra kikboksda özüni synaýar. «MMA-daky» professional karýerasyna 2012-nji ýylda başlaýar. 2018-nji ýylda ýarym agyr agramda «ACB-niň» (häzirki «ACA») çempiony bolýar. Şol promouşende çempionlyk titulyny iki gezek üstünlikli goranyndan soňra, «Bellatora» geçýär. «Bellatorda» deslapky iki söweşinde ýeňilýär, soň bolsa bassyr dört ýeňiş gazanýar. Soňky söweşini aprel aýynda guralan «PFL» turnirinde geçirip, onda Jeýkob Nedony birinji raundda nokauda sezewar edýär.

Simon Biýong

Professional «MMA-da» 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 2021-nji ýylda «Bellatorda» debýut söweşini geçirip, onda ýeňlişe sezewar bolýar. Soňra bassyr iki tutluşykda ýeňiş gazanýar, emma soň ýene bassyr iki söweşde ýeňilýär. Özüniň soňky söweşini aprel aýynda geçirip, onda Antonio Karlos Žunior tarapyndan deslapky raundda ýeňlişe sezewar edilýär.

Söweş baradaky çaklama

Biýongyň boýy we elleri Ýagşymyradowa garanyňda ep-esli uzyn. Emma kamerunly türgen tejribe babatda türkmenistanly garşydaşyndan has asgyn.

Ýagşymyradow dik duran ýeriňde söweşmekde-de, göreş emellerini ulanmak babatda hem uly artykmaçlyga eýe. Şundan görnüşi ýaly, Biýong uzyn elleriniň kömegi bilen belli bir wagt aralygy saklap bilen halatynda hem, bu diňe onuň ýeňlişini gijikdirer. Ýagşymyradow häzir örän oňat formada. Şeýle bolansoň onuň wagtyndan öň ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary.

Söweşe nirede we nähili tomaşa edip bolar

Turnir 22-nji iýun güni gije ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherindäki «Jon M. Huntsman Center» arenasynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 1:30-da başlanar.

Turniriň esasy kardynyň tutluşyklary sagat 5:00-da başlanar. Ýagşymyradow — Biýong söweşiniň bolsa sagat 5:30 töwereginde başlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň çäginde bu tutluşyk «Älem TV-niň» ulanyjylary üçin elýeterli bolan «Setanta Sports» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.