AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

22.06.2024

Türkmenistanyň gandbol boýunça ýygyndy toparlary (U20 we U18) halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin Almaty şäherine ugrady

Türkmenistanyň gandbol boýunça ýaşlar hem ýetginjekler (U20 we U18) ýygyndy toparlary 22 — 26-njy iýun aralygynda Almaty şäherinde geçýän (Gazagystan Respublikasy) Halkara Gandbol federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça erkekleriň arasyndaky Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşýarlar. Türkmen toparlary bu ýaryşa gatnaşmak üçin düýn — 20-nji iýunda säher bilen Aşgabat Halkara howa menzilinden Gazagystan Respublikasyna tarap ýola düşdiler.

Ýaryşa Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Täjigistanyň ýygyndy toparlaryndan başga-da, Mongoliýanyň we Pakistanyň ýaşlarydyr ýetginjekleri gatnaşarlar. Munuň özi ýaryşda Aziýanyň III zonasyna (Merkezi zona) wekilçilik edýän ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň çykyş edýändigini aňladýar.

«IHF Men Trophy 2024» atly ýaryşa ýurdumyzyň ýaşlar (U20) topary hem, ýetginjekler ýygyndysy-da wekilçilik edýär. Ýaşlar ýygyndymyzy bu ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 12-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýramgeldi Çulumbaýew taýýarlady. Ýetginjekler ýygyndymyzy bolsa şol mekdebiň tälimçi-mugallymy Nurgözel Öwezowa türgenleşdirýär. Ýygyndy toparlarymyzyň her biri iň zehinli gandbolçylarymyzyň onlarçasyny özünde jemleýär.   

Biz gandbol boýunça ýygyndy toparlarymyza öňde boljak möhüm synagda — Halkara Gandbol federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça erkekleriň arasyndaky Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.