AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

23.06.2024

Döwletjan Ýagşymyradowyň «PFL» ligasynyň ýarymfinalyndaky garşydaşy belli boldy

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow «PFL» ýaryşynyň ýarymfinalyna çykdy.

Ýagşymyradow bu hukuga kamerunly Simon Biýongy ýeňmegiň hasabyna eýe boldy.

Döwletjanyň 1/2 finaldaky garşydaşy awstraliýaly söweşiji Rob Uilkinson bolar. Duşuşygyň geçiriljek senesi soň kesgitlener. «PFL-iň» resmi Instagram sahypasynda berlen habarda aýdylyşy ýaly, nobatdaky ýaryş Maýamide geçer.   

Rob Uilkinson 32 ýaşynda. Onuň professional karýerasy 19 ýeňişden we 2 ýeňlişden ybarat. Boýy: 190 sm. 2017-2018-nji ýyllarda «UFC-de» çykyş etdi, emma bu ýerde geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňlişe sezewar boldy. Şolaryň birinde Siýar Bahadurzadeden, ikinjisinde bolsa Israel Adesanýadan asgyn geldi. 2022-nji ýylda «Razor» lakamly Rob «PFL» bilen şertnama baglaşdy we dessine 93 kilogram agram derejesinde çempion boldy. Ol ýarymfinala çykmak üçin geçiren soňky duşuşygynda eminleriň bölünişik esasyndaky netijesi bilen awstraliýaly Joşua Silweýrany ýeňdi.

Döwletjan Ýagşymyradow 34 ýaşynda, şahsy görkezijisi 23-7-1. Boýy: 180 sm. Döwletjan köplenç nokaut bilen ýeňiş gazanýar. Häzir bolsa bassyr bäşinji ýeňşini özünde jemleýän üstünlikli tapgyryny ynamly dowam etdirýär.