AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

23.06.2024

Türkmenistanly çeper gimnastikaçylar Daşkentde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

22-nji we 23-nji iýun günlerinde Daşkent şäherinde çeper gimnatsika boýunça çagalaryň arasyndaky 14-nji halkara ýaryş geçiriler. Goňşy döwletiň Gimnastika federasiýasynyň mälim etmegine görä, Türkmenistan bu ýaryşa Aşgabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerine wekilçilik edýän 39 türgen bilen gatnaşar.

Türkmen toparyna Fiza Aýwazowa umumy ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem onuň tälimçiler ştabynda maryly Marina Kartaşowa, balkanly Irina Kostandýan we aşgabatly Ýelena Ustimowa dagylar hem bar.

Halkara ýaryşa 10 döwletiň ― Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusyň, Serbiýanyň we Mongoliýanyň wekilleri gatnaşar.

Ýaryşyň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşlerde kesgitleniler.