AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

08.08.2023

GDA ýurtlarynyň II oýunlary: Sangiza Bahtyýarowadan bürünç medal

Sangiza Bahtyýarowa GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlarynda Türkmenistana nobatdaky bürünç medaly getirdi. Ol 87 kilogramdan agyr agramda silterläp götermekde 86 kilogram, itekläp götermekde 110 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 196 kilogram netije bilen üçünji orny eýeledi.

Bu agram derejede birinji orun özbegistanly Tursunoý Jabborowa (silterläp götermekde 110 kg, itekläp götermekde 130, iki görnüşiň jemi boýunça 240 kg), ikinji ýer bolsa belarusly Margarita Leşçanka (silterläp götermekde 90 kg, itekläp götermekde 113 kg, iki görnüşiň jemi boýunça 203 kg) nesip etdi.

Ýeri gelende bellesek, Sangiza tarapyndan gazanylan bürünç medal arkaly Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabyndaky medallaryň sany 7-ä ýetdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndy topary medallaryň umumy sanawynda ýedinji orunda barýar.