AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

04.10.2023

Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow şu günler Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçirilýän 19-njy Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär. Türkmen türgeni Oýunlardaky aýgytlaýjy tutluşygyny Aziýa oýunlary ― 2018-iň çärýek finalçysy, taýwanly türgen Kan Çia Wei bilen geçirdi.

Boks şu Oýunlarda iň gowulara Pariž ― 2024-e ýollanma berýän 9 sport görnüşiniň biri. Şonuň üçin hem boks boýunça ýaryşlara gyzyklanma uly boldy. Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow diňe bir bürünç medal gazanmak bilen çäklenmän, Parižde çykyş etmek mümkinçiligini hem artdyrdy.

Bir hakykaty aýratyn nygtamak gerek: heniz aýgytlaýjy tutluşyk başlanmanka hem boks bilermenleriniň aglabasy türkmenistanly türgeniň ýeňiş gazanjakdygyna ynam bildirdi. Bu ýönelige däldir. Çünki Magtymguly etrabynda önüp ösen 21 ýaşly boksçy Oýunlardaky ilkinji tutluşygynda Daşkent ― 2023 dünýä çempionatyna gatnaşyjy täjigistanly garşydaşy Dawud Mahkamowy 5:0 hasabynda ýeňdi. Şondan soň ol palestinaly Nidal Fokaha bilen mongoliýaly Tuguldur Býambatsgotdan hem üstün çykdy. Kan Çia Wei bolsa ýarym finaldan öň gyrgyzystanly Nuradin Rustambek uuluny, şri-lankaly Niraja Galani Gamageni we malaýziýaly Bin Çe Azmi Mohd Aswany ýaryşdan çykaryp, türkmenistanly boksçynyň garşydaşy boldy. Aýgytlaýjy tutluşygyň netijesinde ol ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow şu gezekki Oýunlarda medal gazanan bäşinji türkmen türgeni boldy. Ondan ozal kuraş boýunça Tejen Tejenow bilen Işanmyrat Ataýew kümüş, Aýnur Amanow bolsa bürünç medal gazanypdy. Dzýudoçy Maýsa Pardaýewa hem ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.