AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

24.06.2024

Germaniýa birinjiligini saklady, wengerler soňky minutda ýeňiş gazandy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň «A» toparçasyndaky duşuşyklar tamamlandy. Toparçanyň ýeňijisini kesgitleýän oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Beýleki duşuşykda 100-nji minutda ýeňiş goly geçirildi.

Şweýsariýa bilen Germaniýanyň ýygyndylary taryhlaryndaky 54-nji duşuşyk üçin Frankfurtdaky «Waldstadionyň» ýaşyl meýdançasyna çykdy. Duşuşyk çekeleşikli geçip, ýeňiş gazanan bolmady. Esasan hem, garşylykly hüjümler bilen oýnan şweýsarlar ilki bolup hasaby açdylar. Oýnuň 28-nji minutynda Ndoýe topary derwezä girizip, Şweýsariýany 1-0 hasabynda öňe saýlady. Bu Don Ndoýeniň milli ýygyndydaky ilkinji goly bolup, ol bu gol üçin 14 oýun oýnamaly boldy. Bu ýeňiş şweýsarlary toparçada birinjilik getirýärdi. Ýöne oýnuň 77-nji minutynda Musialanyň ornuna meýdança giren Niklas Füllkrugyň 90+2-nji minutdaky goly esasynda hasaby deňlän Germaniýanyň ýygyndysy toparçadaky liderligini saklamagy başardy.

Duşuşykda Germaniýanyň ýygyndysynyň derwezesini goran Manuel Noýer Ýewropa çempionatlaryndaky 18-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda Janluiji Buffondan öňe saýlandy.

Wengerler soňky pursatda

Toparçanyň beýleki duşuşygynda-da Şotlandiýa bilen Wengriýanyň ýygyndylary duşuşdy. Iki toparyň hem arzuwy azyndan 3 utuk gazanyp, iň gowy 3-nji ýeri eýelejek toparlaryň biri bolmady. Bu ugurda şotlandlaryň 1 utugy hem bardy. Çekeleşikli geçen oýnuň 62-nji minutynda wengerleriň hüjümçisi Barnabaş Warga bilen şotlandlaryň derwezeçisi Angus Gann çaknyşyp, şikes aldy we oýun gysga wagtlyk, olar lukman gözegçiliginden geçýänçä togtadyldy. Soňra dowam eden oýnuň 90+2-nji minutynda wenger oýunçysy Çobotyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Ýöne ol 90+10-njy minutda topy derwezä gönükdirip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Bu ýeňişden soň 3 utuk gazanan Wengriýanyň ýygyndysy 3-nji ýeri eýelänleriň iň gowy 4-siniň arasyna goşulmak üçin toparçalardaky beýleki duşuşyklar tamamlanýança garaşmaly bolarlar.

Şotlandiýalylar bolsa 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda ýene bir ýola toparçada çykmak başartmady we çempionat bilen hoşlaşan 2-nji ýygyndy boldy.