AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

27.06.2024

Türkmen hünärmeni Futzal boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparyna girizildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň hünärmeni Oraz Muhammetgeldiýew Özbegistanyň Futbol federasiýasynyň futzal boýunça 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk komitetinden orun aldy. Bu barada TFF-den Turkmenportala berlen habarda aýdylýar.

Mämmetgeldiýewiň şeýle abraýly ýaryşyň guramaçylyk komitetiniň düzümine girizilmegi ýurtda futzal bilen bagly halkara ýaryşlary geçirmekde tejribe mekdebi bolup hyzmat eder.

Özbegistanda geçiriljek dünýä çempionatyna 14-nji sentýabrda badalga berler, ol 6-njy oktýabrda tamamlanar. Dünýä çempionaty ýurduň üç şäherinde geçiriler.