AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

29.06.2024

Awtomobil sporty boýunça türkmen wekiliýeti «Ýüpek ýoly-2024» rallisiniň medallary ugrunda göreşer

2024-nji ýylyň «Ýüpek ýoly» halkara rallisine Russiýa, Belarusa, Hytaýa, Mongoliýa we Türkmenistana wekilçilik edýän 117 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada «Матч ТВ» habar berýär.

Sürüjiler bäş ugur boýunça bäsleşerler: ähli ýerde hereket etmäge ukyply motoulaglar, ýolsuz ýerde ýöräp bilýän ulaglar, ýük awtoulaglary, motosikller we kwadrosikller. Umumy 67 ulagyň ekipažy ýaryşa gatnaşmak üçin ýüz tutdy.

«Ýüpek ýoly» rallisi 5 — 15-nji iýulda Russiýanyň we Mongoliýanyň çägi boýunça geçiriler. Ýaryş Tomskdan başlansa, onuň pellehanasy Ulan-Batorda bolar. «Ýüpek ýoly» rallisiniň umumy geçilmeli menzili — 5257 km, ýörite tapgyrlaryň uzynlygy  bolsa 2993 km bolar.

«Ýüpek ýoly 2023» rallisinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Nissan Patrol» ulagyny dolandyran doganlaryň — Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň bellenen menzilleri üstünlikli külterläp, T2 ýaryşynyň umumy netijesi boýunça hormatly ikinji orny eýeländiklerini ýatladýarys.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bu ýaryşy üçünji orunda jemläpdiler.