AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

29.06.2024

Aziýada DÇ-2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekildi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherinde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekmek dabarasy guraldy.

Bijä laýyklykda, 18 ýygyndy hersi 6 topardan ybarat bolan 3 toparça bölündi. Bu tapgyr aýlaw görnüşinde öý-myhmançylyk düzgüni esasynda geçirilip, her toparçadan birinji we ikinji ornuň eýeleri DÇ-2026-a ýollanma gazanarlar.

Üçünji we dördünji orny eýelän ýygyndylar bolsa dördünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Dördünji saýlama tapgyrda 6 ýygyndy 2 toparça bölünip göreşi dowam etdirer. Her toparçanyň ýeňijisi DÇ-2026-nyň ýollanmasyna eýe çykar.

Dördünji saýlama tapgyrynda öz toparçasynda ikinji orny eýelän ýygyndylar özara güýç synanyşarlar. Bu jübütiň ýeňijisi yklymara pleý-offda Aziýa wekilçilik eder. Şeýle-de yklymara pleý-offda KONKAKAF-dan iki ýygyndy, Afrikanyň, Okeaniýanyň we Günorta Amerikanyň hersinden bir ýygyndy gatnaşar. Jemi 6 ýygyndy mundialyň ahyrky 2 sany ýollanmasy üçin göreşer.

Üçünji saýlama tapgyr:

«A» toparça: Eýran, Katar, Özbegistan, BAE, Gyrgyzystan, KHDR

«B» toparça: Koreýa Respublikasy, Yrak, Iordaniýa, Oman, Palestina, Kuweýt

«C» toparça: Ýaponiýa, Awstraliýa, Saud Arabystany, Bahreýn, Hytaý, Indoneziýa

Üçünji saýlama tapgyryň oýunlary 5-nji we 10-njy sentýabr, 10-njy we 15-nji oktýabr, 14-nji we 19-njy noýabr, 20-nji we 25-nji mart, 5-nji we 10-njy iýun günleri geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, DÇ-2026-nyň deslapky iki saýlama tapgyry Aziýa Kuobgy — 2027-niň saýlamasy bilen bilelikde geçirildi. Ikinji tapgyrda öz toparçasynda birinji we ikinji orny eýelän 18 sany ýygyndy Aziýa Kubogynyň final tapgyryna ýollanma aldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji saýlama tapgyrynda «E» toparçasynda çykyş edip, üçünji orny eýeledi.

Maglumat üçin, DÇ-2026-nyň deslapky iki saýlama tapgyrynda ýaryşdan çykanlar Aziýa Kubogyunyň ýollanmasy üçin aýratyn güýç synanyşarlar.