AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

09.10.2023

Türkmen türgenleri Aziýa oýunlaryny 7 medal bilen tamamladylar

23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli aralykda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler dürli derejeli medallaryň 7-sine mynasyp boldular.

Yklymyň iň iri sport baýramçylygyna 45 döwletden 15 müňe ýakyn türgen gatnaşdy. Türkmenistan bu abraýly ýaryşa 67 türgen bilen gatnaşyp, bir kümüş medala we bürünç medallaryň altysyna mynasyp boldy.

Türkmen ýygyndysynyň kümüş medalyny kuraş boýunça halkara derejeli sport ussady Tejen Tejenow gazandy. Mälim bolşy ýaly, ol 90 kilograma çenli agram derejesinde güýçli garşydaşlarynyň ençemesinden üstün çykyp, diňe finaldaky garşydaşyndan asgyn geldi.

Şeýle hem dzýudoçy Maýsa Perdäýewa, kuraşçylar Aýnur Amanowa bilen Işanmyrat Ataýew, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, erkin göreşiň wekili Döwletmyrat Orazgylyjow hem-de karateçi Baýry Baýryýew dagylar bürünç medallara mynasyp boldular.