AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.07.2024

Çärýek finalda janköýerlere biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar

Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda duşuşyklaryň agramly bölegi tamamlanyp, indiki 7 aýgytlaýjy duşuşyk galdy. 1/8 final duşuşyklary tamamlanyp, çärýek finala çykanlaryň ählisi belli boldy. «A» toparçadan ýer eýeleri Germaniýanyň ýygyndysy bilen bir hatarda, Şweýsariýanyň, «B» toparçadan Ispaniýanyň, «C» toparçadan Angliýanyň, «D» toparçadan Fransiýadyr Niderlandlaryň hem-de «F» toparçadan Portugaliýa bilen Türkiýäniň ýygyndylary yklym ýaryşynda iň gowy 8 toparyň arasyna atlaryny ýazdyrdylar. «E» toparçadan ýeke topara hem çärýek finala galmak miýesser etmedi.

Çärýek finalyň duşuşyklary 5-6-njy iýulda, ýagny anna hem-de şenbe günleri oýnalar. Duşuşyklar ýene-de 21:00-da hem-de 00:00-da başlanar.

5-nji iýulda 21:00-da Ispaniýa bilen Germaniýanyň ýygyndylary Ştutgartda, 00:00-da bolsa Portugaliýa bilen Fransiýanyň ýygyndylary Gamburgda özara duşuşarlar.

6-njy iýulda 21:00-da Angliýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary Dýusseldorfda, 00:00-da başlanjak duşuşykda-da Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylary Berlinde ýarym finala çykmak üçin özara göreşerler.

Ýeňiş gazanan toparlar 9-10-njy iýuldaky ýarym finalda duşuşarlar. Final duşuşygy 14-nji iýulda Berlindäki «Olympiastadionda» oýnalar.