AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

04.07.2024

Türkmen samboçylary Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 21 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Makao şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) geçirilen Aziýanyň we okaniýanyň sambo boýunça bilelikdäki çempionatynda 21 medal gazandylar. Halkara ýaryşy dünýä döwletleriniň 20-siniň wekilleri gatnaşdy.

Söweş sambosy boýunça geçirilen tutluşyklarda türkmen türgenleriniň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Olar 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edne Bägül Nuryýewa bilen 59 kilograma çenli agram derejäniň wekili Ruşana Nurjowowadyr. Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Kerim Kerimow bilen zenanlaryň arasynda 54 kilograma çenli derejäniň wekili Zarina Abdyrahmanowa hem-de 80 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa dagylar kümüş medal gazandylar. Sambonyň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň medal gaznasynyň üstüni Alyhan Aýdogdyýew (58 kilograma çenli), Maksat Annagylyjow (79 kilograma çenli), Agasapar Muhadow (88 kilograma çenli), Bezirgen Begenjow (98 kilograma çenli) we Gülzada Joraýewa (72 kilograma çenli) dagylar bürünç medallar bilen ýetirdiler.

Sport sambosy boýunça geçirilen ýaryşlarda Kambara Umarowa (71 kilograma çenli), Agamyrat Bäşimow (88 kilograma çenli) we Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli) dagylar kümüş medal gazanan bolsalar, Babamyrat Baýramow (58 kilograma çenli), Sapar Döwletow (64 kilograma çenli), Nedir Allaberdiýew (79 kilograma çenli), Saýýara Rozyýewa (54 kilograma çenli), Medine Aýdogdyýewa (59 kilograma çenli), Zyba Orunowa (72 kilograma çenli), Saodat Işmuradowa (80 kilograma çenli) we Sabina Agajanowa (80 kilograma çenli) bürünç medal bilen dolanyp geldiler.

Şeýlelikde, toparlaýyn hasapda, milli ýygyndymyz üçünji orny eýeledi. Birinji orny 26 medal, şol sanda 15 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç medal bilen Gazagystan, ikinji orny 19 medal (8-1-10) bilen Özbegistan eýeleýär.

Şu gezekki Aziýanyň çempionaty sambonyň yklymda has giňden ýaýraýandygyny görkezýär. Muny hindistanly, koreýaly we filippinli türgenleriň hem medallara mynasyp bolmagy hem tassyklaýar.