«Ahalyň» goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy
Mundan ozal ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynyň düzüminde çykyş eden «Ahalyň» goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.
23 ýaşly oýunçy Dubaýda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar. Onuň dowamynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän türkmen ýygyndysy BAE-niň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň ikisi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Maglumat üçin, Hakmuhammet Bäşimow 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Ahalyň» düzüminde oýnaýar. Ol 19-njy sentýabrda, «Al-Feýha» (Saud Arabystany) bilen oýunda AFK Çempionlar ligasyndaky debýutyny amala aşyryp, Elman Tagaýewe golly pas geçirmegi başardy hem-de toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.
Ýeri gelende bellesek, noýabr aýynda Aziýa yklymynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna badalga berler. Saýlama tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň ýygyndysy Eýran, Özbegistan hem-de Gonkong/Butan jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. Mergen Orazowyň şägirtleri saýlama tapgyryna 16-njy noýabrda Özbegistan bilen boljak oýun arkaly girişerler.