AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.07.2024

Soňky 2 ýarym finalçy şu gije belli bolar: Angliýa – Şweýsariýa, Niderlandlar – Türkiýe

Tamamlanyp barýan Ýewropa çempionatynda şu gije galan ýarym finalçylar hem belli bolar. 21:00-da başlanjak duşuşykda Angliýa bilen Şweýsariýanyň, 00:00-da başlanjak oýunda bolsa Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylary duşuşar.

Öňki oýunlarda iňlisler has köp ýeňiş gazanypdyr
Dýusseldorf şäherindäki «Merkur Spiel-Arena» stadionynda oýnaljak Angliýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky oýna italiýaly Daniele Orsato eminlik eder. Duşuşyk iki toparyň arasyndaky 28-nji oýun bolar. Öňki oýunlaryň 18-sinde Angliýa ýeňiş gazanan bolsa, şweýsarlar bary-ýogy 3 duşuşykda garşydaşyna rüstem geldi. 6 oýun deňlikde tamamlandy. Iňlisleriň 59 goluna 20 gol bilen jogap beren Şweýsariýanyň ýygyndysy Angliýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda 2 gezek özara duşuşdy. 2 duşuşyk hem toparçalarda bolup, 1996-njy ýylda 1-1 deňme-de oýnan taraplaryň 2-nji duşuşygynda, 2004-nji ýylda Angliýa 3-0 ýeňipdi.

Ýewropa çempionatynda ilkinji gezek duşuşarlar
Günüň 2-nji duşuşygy ýarygije başlap, Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky bu duşuşygyň emini fransiýaly Klemen Turpen diýlip bellendi. Duşuşyk Berlindäki «Olympiastadionda» geçiriler. Duşuşyk Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylarynyň özara 15-nji duşuşygy bolup, ozalky 14 oýunda Niderlandlar 6, türkler 4 gezek ýeňiş gazandy. 4 oýun deňlikde tamamlanyp, niderlandlar 21, türkler 14 gol geçirdi. Iki topar Ýewropa çempionatynyň çäginde ilkinji gezek duşuşarlar.