AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

10.10.2023

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň «Dubaý Ýunaýted» bilen boljak duşuşyk üçin başlangyç düzümi mälim boldy

Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýerli “Dubai United” topary bilen geçirjek ýoldaşlyk duşuşygyndaky meýdana çykjak esasy düzümi belli boldy. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň esasy düzümi şu oýunçylardan ybarat: Rasul Çaryýew, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Arzuwguly Sapargulyýew, Teýmur Çaryýew, Döwran Hojamämmedow, Begmyrat Baýow, Şanazar Tirkişow, Altymyrat Annadurdyýew, Elman Tagaýew.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkong bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.