AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.10.2023

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» reýtingingde ilkinji bäşlige girdi

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen (MMA) Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» ýarym agyr agramdaky reýtinginde bäşinji orna göterildi. Bu barada promouşeniň resmi saýtynda habar berildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda «Bellator 300» turniriniň çäginde Polşaly Maseý Rozanskini ýeňlişe sezewar edipdi. Doly üç raund dowam eden şol tutluşykda eminler biragyzdan türkmen türgeniniň ýeňşini yglan edipdiler.

Döwletjan Ýagşymyradow üçin şol ýeňiş «Bellatordaky» bassyr üçünji üstünlik boldy. Onuň umumy karýerasyny hasaba alanyňda, häzirki wagtda Döwletjanyň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňligi bar.