AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

14.07.2024

Türkmen türgenleri şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ýaryşlarynyň 361 medalyna eýe boldular

Türkmen türgenleri şu ýylyň birinji ýarymynda halkara ýaryşlarynyň 361 medalyny gazanmagy başardylar. Şolaryň 122-si altyn, 103-si kümüş, 136-sy bolsa bürünç medallardyr.

Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Şol gün sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berlip, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigi habar berildi.

Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny has-da pugtalandyrdy.