AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

15.07.2024

«Ýüpek ýoly» ralli-marafony: Türkmen türgenleri dokuzynjy tapgyrda hem öňdäki üçlügi elden bermediler

«Ýüpek ýoly» rallisiniň dokuzynjy tapgyry: tizligiň şalygy

«Ýüpek ýoly» ralli-marafonynyň kerweni hereketini belent dag ugurlary boýunça dowam edýär. Bu gezekki tapgyrda türgenler 558 kilometrlik menzili külterlediler. Dag gerişlerinden, derýa-jülgelerden uzan ýol ekipažlaryň agyr tebigy şertler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirdi. Bu bolsa ýaryşyň has-da dartgynlylygyny şertlendirdi.

Ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň bäsleşigi

Mihail Mitýaýewiň ýolbaşçylygyndaky «LADA Sport ROSNEFT Raid» topary T2 ýaryşynyň bu tapgyryny ýeňiş bilen jemledi. Şondan 8 minut yza galan Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy «Ýüpek ýoly» rallisiniň bu tapgyryny ikinji orunda jemledi. Öňdeligi eýelän türgenden 10 minutlyk tapawut bilen gelen Andreý Suşensow üçünji boldy.  

Umumy hasap boýunça Andreý Suşensow ynamly öňde barýar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ekipažy — doganlar Toýlyýewler bolsa ikinji orny özlerinde saklaýarlar. Öňdäki üçlügi Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy jemlese, şondan soňky orunlarda Mihail Mitýaýew bilen Meýlis Abdullaýew ýerleşdi.

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdi 15-nji iýulda jemlener.