AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.07.2024

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdinde ikinji orny eýelediler

5 — 15-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzan «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdi 11 tapgyrdan ybarat boldy. 5 243,13 kilometrlik menzile uzan halkara ýaryşyna 9 döwletden (Russiýa Federasiýasy, Belarusiya, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasy, Şwesariýa, Owganystan, Sirýa Arap Respublikasy, Serbiýa, Türkmenistan)  türgenler gatnaşdylar.

Bu halkara ýaryşa jemi 50 ekipaž, şol sanda T1 bäsleşigine 3 sany, T2 ýaryşyna 6, T3 boýunça 6, T5-den 12, Açyk (OPEN) görnüşinden 5, Moto-kwadrasikelleriň ýaryşyna 18 topar gatnaşdy.

T2 görnüşinde 5 243,13 kilometrlik menzili ynamly külterlän ildeşlermiz, Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan Toýlyýew sürüji we Şöhrat Toýlyýew ýolbelet (şuturman) hökmünde 2-nji orna, şeýle hem «SILK WAY 2024» atly kuboga eýe boldular. 

Şeýle hem biziň Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni Maksatmyrat Daňatarow we  onuň ýolbeledi (şturman) Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni, Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdürliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji  sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi Didar Orazmedow 3-nji orna hem-de «SILK WAY 2024» kubogyna eýe çykdylar.

Türkmen ekipažlarynyň ikisi hem «NISSAN PATROL» kysymly awtoulagda çykyş etdiler.