AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.07.2024

«Altyn asyr» ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň «Metaglobus» toparyny ýeňdi

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol kluby Rumyniýanyň Braşow şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda ilkinji halkara ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. Türkmen topary Rumyniýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş edýän «Metaglobus» kluby bilen duşuşdy.

Jankoyer.com.tm. internet neşiriniň habar bermegine görä, oýun 1:0 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 22-nji minutda Myrat Annaýew tarapyndan penaltiden uruldy.

Bu oýun «Altyn asyr» üçin AFK Çempionlar ligasy 2 halkara ýaryşyna taýýarlygyň bir bölegi boldy. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin aýgytlaýjy oýun 14-nji awgustda Kalkutta şäherinde geçirilip, onda «Altyn asyr» Hindistanyň «Ist-Bengal» topary bilen duşuşar.

Bellenilişi ýaly, «Altyn asyr» Rumyniýadaky OTÝ-niň çäginde ýene-de birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.