AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.07.2024

«Altyn top» baýragy ugrunda ýiti göreş: esasy dalaşgär üýtgedi

Futbolçylaryň ýekelikdäki iň abraýly baýragy bolan «Altyn top» ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Tamamlanan 2 ýaryşdan soň dalaşgärleriň arasyndaky göreş has-da güýjäp, faworitler ornuny çalyşdy. Mundan 1 aý ozal iň esasy 2 dalaşgär «Real Madridiň» ýyldyzlary Winisius Junior bilen Jud Bellingemdi. Olar häzir hem esasy dalaşgär hasaplanýar. Ýöne Ispaniýanyň Ýewropa çempiony bolmagyndan soň Rodri sanawyň başynda ornaşdy.  «Goal.com» saýtynyň işgärleriniň pikirine görä, Rodri edil häzirki wagtda «Altyn top» baýragynyň birinji derejeli dalaşgäri hasaplanýar. Kopa Amerikada Braziliýanyň çärýek finaldan gaýtmagyndan soň Winisius Junioryň almak mümkinçiligi azalyp, ol 2-nji orunda barýar. Angliýanyň finalda utulmagyndan soň Jud Bellingem 3-nji orna düşdi.

«Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Rodri Ýewropa çempionatynyň finalynyň 2-nji ýarymynda alan şikesi sebäpli oýundan çykmaly boldy. Ýöne ol toparynyň finala çenli gelmeginde uly rol oýnady. Ispaniýanyň ýygyndysyny-da, «Mançester Siti» klubuny-da Rodriniň oýnan duşuşyklarynda ýeňmek juda kyn. Onuň Ýewropa çempionatynyň iň ökde oýunçysy saýlanmagy-da Rodriniň baýragy gazanmak mümkinçiligini has-da ýokarlandyrýar.  

Junioryň «El Klasikodaky» het-trigi, «La Ligadaky» şowly çykyşy, UEFA Çempionlar Ligasynda «Real Madridiň» çempionlygyna uly goşandy bellärliklidir. Ol Braziliýanyň ýygyndysynda Kopa Amerikada Paragwaýyň derwezesinden 2 gol geçirdi. Ýöne jerimeli ýagdaýa düşüp, toparynyň çärýek final oýnunda tribunada oturmaly boldy.

Jud Bellingem geçen möwsümiň 1-nji ýarymyň iň ökde oýunçysy bolsa-da, ol bu depgininiň möwsümiň ahyryna çenli saklap bilmedi. «Real Madrid» 1-nji ýarymda onuň gollary bilen ençeme ýeňiş gazanan bolsa, Bellingem gyşdan soň toparynyň gollaryna o diýen uly goşant goşmady. Ol çempionatda 2 wajyp gol geçirse-de, netijede Angliýanyň ýygyndysy bassyr 2-nji finalyndan boş gaýtdy.

Şeýle-de, sanawda 4-nji orunda «Real Madridiň» başga bir ýyldyzy Dani Karwahal bolup, klubunyň hem-de milli ýygyndysynyň taryhy çempionlyklaryna uly goşant goşdy.

5-nji basgançakda Kopa Amerikanyň çempiony Argentinanyň ýyldyzy Lautara Martinesiň ady bar. Şeýle-de, Toni Kroos, Kilian Mbappe, Harri Keýn, Fil Foden we Niko Uilliams ilkinji onlugy tamamlaýan beýleki futbolçylardyr. Messi sanawda 16-njy orunda bolsa, Kriştianu Ronaldu ilkinji 20-lige hem girenok.

Sentýabr aýynda baýragyň dalaşgärleri, oktýabr aýynda bolsa ýeňijisi mälim ediler.