22-nji iýulda Aşgabatda türkmen türgenlerini XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy bolar
19-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleri sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany wise-premýer B.Orazdurdyýewa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.