AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

22.07.2024

Olimpiýa şäherçesinde Pariž olimpiadasyna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, sport hünärmenleri, türgenler hem köp sanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sport toplumynyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan ajaýyp sergide türkmen sportunyň sazlaşykly ösüşleri aýdyň beýanyny tapýar.

Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy

— Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Pariž olimpiadasyna gatnaşjak ýygyndy toparynyň agzalaryna ýollan Gutlagynda belleýär.

Şeýle dürdäne jümleler türkmen türgenlerini täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu hakykat türgenleriň sport toplumynyň giň meýdançasynda eden ynamly ýörişinde hem aýdyň şöhlelendi.

Watanymyzda amala aşyrylýan sport özgertmelerini, taryhy ýeňişleri wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlardyr tanslar dabaranyň şowhunyny goşalandyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize Ýüzlenmesi kabul edildi.