
25.07.2024
Aşgabat şäheriniň sport mekdepleri çagalary türgenleşiklere çagyrýar
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdepleri täze 2024-2025-nji okuw ýyly üçin sportuň görnüşleri boýunça 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalary türgenleşiklere çagyrýar. Baş müdirlige degişli sport mekdepleriniň 16-synda sportuň dürli görnüşleri boýunça talim berilýär. Çagalar 2024-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda kabul edilýär.
Mekdeplerde hereket edýän ugurlar boýunça has giňişleýin maglumaty şu salgy boýunça ýükläp bilersiňiz.