AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

26.07.2024

Pariž-2024: türkmen dzýudoçylarynyň garşydaşlary belli boldy

Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo boýunça ýaryşyna bije çekildi. Bijä laýyklykda, türkmen dzýudoçylarynyň garşydaşlary belli boldy.

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana 2 dzýudoçy wekilçilik edýär. Olar 20 ýaşly Serdar Rahymow (66 kilograma çenli agram dereje) hem-de 19 ýaşly Maýsa Pardaýewadyr (57 kilograma çenli agram dereje).

Bijäniň netijeleri:

Erkekler:

  • 28-nji iýul, 66 kilograma çenli agram dereje
  • Birinji aýlaw: Serdar Rahymow (Türkmenistan) – Edmilson Pedro (Angola)

Zenanlar:

  • 29-njy iýul, 57 kilograma çenli agram dereje
  • Birinji aýlaw: Maýsa Pardaýewa (Türkmenistan) – Ki Kaý (HHR)

Ýeri gelende bellesek, Pariž-2024-iň dzýudo ýaryşyna 122 ýurtdan 378 türgen gatnaşýar.