AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

26.07.2024

«Mançester Ýunaýted» topary 5-6 futbolçysyny ugratmakçy bolýar

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» toparynda ýolbaşçylaryň üýtgemeginden soň, klubuň transfer syýasaty hem üýtgeýär. Toparyň futbol paýnamalaryny satyn alan Jim Retkliff käbir oýunçylaryň klubdan gitmegini isleýär. Golaýda tälimçi Erik ten Hag bilen şertnamasynyň möhleti uzaldan klubda häzirki wagtda 5-6 futbolça klub gözlenip başlandy. Transfer möwsüminde 2 sany ýaş futbolçyny – Leni Ýorony hem-de Joşua Zirkzeeni transfer eden klubdan gitjek oýunçylaryň sanawyny «ESPN» mälim etdi.

Şoňa görä, Antoni, Skot MakTomineý, Wiktor Lindelöf, Aaron Wan Bissaka, Kristian Eriksen, Garri Maguaýr dagyny klubdan ugratmakçy bolýarlar. Amatly teklip gelen ýagdaýynda, hepdede 360 müň funt sterling hak alýan braziliýaly oýunçy Kazemiro hem transfere goýberilip bilner. Klubuň eýesi Gleýzerleriň maşgalasynyň, esasan hem, Wan Bissaka hem-de Lindelöfiň klubdan gitmegini isleýändigi habarda nygtalýar.