AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

28.07.2024

«Ýuwentus» ýoldaşlyk duşuşygynda uly hasap bilen utuldy

Häzirki wagtda futbolda arakesme bolup, klublar ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýärler. Şolaryň birinde Italiýanyň öňdebaryjy topary «Ýuwentus» kluby Germaniýanyň 2-nji ligasynyň wekili «Nýurnberg» topary bilen duşuşdy. Duşuşykda «Nýurnberg» güýçli garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda hasap 1-0 mahaly italýan toparynyň hüjümçisi Duşan Wlahowiç 71-nji minutda penaltini salyp bilmedi.

«Nýurnberg» toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary 19 minutda Ýander, 87-nji minutda Forkel, 89-njy minutda bolsa Ýaniş derwezeden geçirdi. Duşuşyk Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde geçirildi.