«Samsung» ähli olimpiýaçylara «Galaxy AI» emeli aňy bilen üpjün edilen «Galaxy 7 Flip6 Olympic Edition» smartfonlaryny paýlady
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde gecirilýän Olimpiýa oýunlaryna gelen 17 müňe golaý türgen oýunlara gatnaşyjylar üçin ýörite döredilen çeýe smartfon «Galaxy 7 Flip6 Olimpic Edition» modeline eýe boldular.
«Samsung» täze döredilen «Galaxy7 Flip6» smartfonynyň olimpiýa nusgasyny hödürledi. Enjam «Galaxy AI» emeli aň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. «Samsung» tarapyndan öndürilen önüm resmi taýdan ulanyşa girizilmezinden öň türgenler üçin elýeterli boldy.
«Galaxy AI» ösen emeli aň mümkinçilikleri barada aýdylanda, gelýän jaňlar hakyky wagtda terjime wezipesi bilen üpjün eiler, bu telefon jaňlarynda aýdylýanlary derrew 16 dile terjime edilýär. Göni söhbetdeşlik terjimesi hem bar, bu türgenlere beýleki olimpiýaçylar we meýletinler bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. E-poçta terjime aýratynlygy programmalaryň içinde e-poçta we sosial media ýazgylaryny ýazmaga mümkinçilik berýär.
Olimpiýaçylaryna 100 GB eSIM kartoçkaly smartfon berildi. Şeýlelikde, olimpiýa maksatnamalary meýilnama we ýol kartasyny goşmak bilen öňünden gurlar. «Samsung Walletiň» üsti bilen söwda enjamlaryndan mugt içgiler hem alyp bilersiňiz (hyzmatdaş «Coca-Cola» kompaniýasy).
Ýeri gelende aýtsak, «Galaxy 7 Flip6 Olympic Edition» smartfonlarynda «Snapdragon 8 Gen 3» prosessorlary oturdylan, 12 Gb RAM we smartfonyň ýady 256 GB-den 512 Gb aralygynda üýtgeýär. Esasy kamerada 2x ulaltmak bilen 50 MP giňeltmek (OIS bilen f / 1.8 85 ° linza) bar. Makro suratlaryny EA zum bilen 10x ulaltmak arkaly alyp bolýar. Şeýle hem 12 MP giň burçly kamera (123 °) we 10 MP suratly öň tarap kamerasy (1,22 µm, 85 °) bar.
Esasy çeýe ekran, diagonaly 6,7 bolan LTPO (pes temperaturaly polikristally oksid, OLED-den bir basgançak öňdäki) paneli, 1600 nit ýagtylygy bilen 3,4” 720x748 kiçijek displeýi. IP48 gorag derejesi, Armor Aluminum и Gorilla Glass Victus 2. Simli we simsiz usulda zarýad bermek üçin 4000 mAh batareýa oturdyldy. Fiziki SIM karta we eSIM bar, Wi-Fi 6E we Bluetooth 5,3 bar.