Parižde 3 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy
Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 5-nji gününde ýüzmek boýunça 5 ugruň ýeňijileri belli boldy. Şolaryň 2-sinde fransiýaly ýüzüji Leon Marşan taryhy başarnyk görkezip, altyn medallary gazanmagy başardy. Ol ilki 200 metr brass usulda ýüzmekde 2 minut 05,85 sekuntlyk görkeziji bilen pellehana geldi. Bu görkeziji Olimpiýa rekordy hökmünde hasaba alyndy. Ozalky rekordy Tokio 2020-de wengriýaly Kristof Milaga degişlidi.
Öz janköýerleriniňem uly goldawyny alan 22 ýaşyndaky Marşan 2 sagatdan soň 200 metr batterflýaý ýüzmek ýaryşynyň finalyna gatnaşdy. Ol 1 minut 51,21 sekuntda ýaryşy tamamlap, ýene bir olimpiýa rekordyny täzeledi. Bu ugurda-da ozalky rekordy Marşandan soň ýaryşy 2-nji bolup tamamlan wengriýaly Kristof Milaga degişlidi. Ol Tokioda rekordy öz adyna geçiripdi.
Şunlukda, Marşan Parižde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda 3 altyn medal gazanan ilkinji türgen boldy. Ol 3 gün öňem 400 metre garyşyk ýüzmek ýaryşynda Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk rekordyny täzeläp, altyn medaly boýnuna dakypdy.