AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.08.2024

Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek finala çykan Jokowiç ispaniýaly Alkaras bilen duşuşar

Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda tennis boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ählisinde hem finala çykanlar belli boldy.

Erkekleriň arasynda ýaňy-ýakynda «Uimbldonda» finalda duşuşan serbiýaly Nowak Jokowiç bilen ispaniýaly Karlos Alkaras finalda duşuşarlar. Jokowiç ýarym finalda italiýaly Lorenzo Musettini 6:4 we 6:2 hasaplar bilen ýeňip, karýerasynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Alkaras bolsa ýarym finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:1 we 6:1 hasaplary bilen utdy. Ože-Alýassim çärýek finalda russiýaly Daniil Medwedewi ýeňipdi.

Erkekleriň arasyndaky final duşuşygy 4-nji awgustda oýnalar.

Zenanlaryň arasynda bolsa çempion şu gün belli bolar. Altyn medal ugrundaky finalda hytaýly Çžen Sinwen bilen horwatiýaly Donna Wekiç duşuşar.

Zenanlaryň arasynda bürünç medala polşaly Iga Şwentek mynasyp boldy. Ol 3-nji ýer üçin geçirilen duşuşykda slowakiýaly Anna Karolina Şmeidlowany 6:2 we 6:1 hasaplar bilen utdy.

Jübütleýin ýaryşlarda garyşyk jübütlerde çehiýaly Tomaş Mahaç bilen Karolina Siniakowa ikisi finalda hytaýly Çžen Çžiçžen bilen Wan Sinýiýuý ikisini ýeňlişe sezewar etdi (6:2, 5:7, 10:8).

Erkekleriň arasyndaky jübütleýin ýaryşda amerikaly (Ostin Kraýiçek, Rajeew Ram) hem-de awstraliýaly (Mattýuw Ebden, Jon Pirs) tennisçiler duşuşarlar.

Zenanlaryň arasyndaky jübütleýin ýaryşda-da ýekelikdäki bitarap türgenler ady bilen gatnaşýan russiýaly Mirra Andreýewa bilen Diana Şnaýder ikisi italiýaly Sarra Errani we Jasmin Paolini bilen duşuşarlar.