AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.08.2024

«Ahal» futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda türk toparyny ýeňlişe sezewar etdi

«Ahal» futbol kluby Türkiýäniň Kartepe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen kluby şol ýerde geçýän taýýarlyk işleriniň barşynda ýerli «Fethiespor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda «Ahal» futbol klubynyň ýeňşi bilen tamamlandy.  

Ýeňiş gazanan topardan Elman Tagaýew dubl etmegiň hötdesinden geldi. Ýene bir goly bolsa hüjümçi Daýanç Meredow geçirdi.

4-nji awgustda Welsähet Öwezowyň şägirtleriniň Saud Arabystanynyň «Al-Ahdoud», 7-nji awgustda bolsa Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirilýär. «Ahal» toparynyň bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy awgustda başlanjak nobatdaky — üçünji tapgyrynyň öňüsyrasyndaky ähmiýetli taýýarlygyň möhüm bölegidir.