Gurban Berdiýewiň topary Azerbaýjanyň çempionatyndaky çykyşyna başlady
Azerbaýjanyň Premýer-ligasynda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.
Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Turan Towuz» topary myhmançylykda «Neftçi» bilen duşuşdy.
Bu duşuşykda ýeňiji kesgitlenmedi. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, klublaryň ikisi hem çempionatdaky birinji utugyny gazandy.
«Umuman, biz öňünden hem duşuşygyň agyr geçjekdigini çaklapdyk. «Neftçi» — güýçli topar. Bu duşuşyk biziň ýetmezçiliklerimizi ýüze çykardy, haýsy ugurlar boýunça işlemelidigimizi aýan etdi. Men bu topar üçin işlemekden hoşal. Heniz hüjümiň üstünde işlemeli. Oglanlar nähili oýnamalydygyny bilýärler we wagtyň geçmegi bilen bu meseläni oňyn çözmegi başararlar» — diýip, belleýän Gurban Berdiýewiň sözlerini «azerisport.com» getirýär.
Geçen ýyl «Turan» çempionaty altynjy basgançakda, «Neftçi» bolsa bäşinji orunda tamamlady. Şonda çempionlyga ýetmek «Karabaha» miýesser edipdi. Täze möwsümde Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Turan» toparynyň has gowy netijelere eýelik etmegine garaşylýar.