AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

08.08.2024

Türkmen tennisçisi Roland Garros ýaryşynyň ýetginjekleriň arasyndaky saýlama tapgyryna gatnaşýar

Ýurdumyzyň tennis taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili 5–9-njy awgust aralygynda Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» tennis meýdançalarynda geçirilýän Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama tapgyryna gatnaşýar. Sabrina Rahmanowa ýaryşyň guramaçylaryndan bu bäsleşige gatnaşmak üçin adaty talaplardan boşadylyp, «wild card» alyp, şeýle abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyny aldy.

«Bu waka diňe bir türgeniň özi üçin däl, eýsem, tutuş tennis jemgyýeti üçin hem möhüm ähmiýetli wakadyr, ol Türkmenistanda tennisi ösdürmek üçin täze mümkinçilikdir şertleri açýar» diýip, Türkmenistanyň Tennis fedrasiýasynyň wekili gürrüň berýär.

Sabrina Rahmanowa Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, şeýle hem «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýar.

2025-nji ýylda geçiriljek Fransiýanyň açyk ýetginjekler çempionatynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Sabrina Rahmanowa Merkezi we Günbatar Aziýada 17 ýaşa çenli güýçli tennisçileriň 16-sy bilen bäsleşýär. Ol şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanda geçirilen üç hepdelik okuw-türgenleşiginde geljekki saýlama ýaryşa güýçli taýýarlandy.

Aziýanyň Tennis federasiýasy we Fransiýanyň Tennis federasiýasy Aziýada tebigy meýdançada tennisi ösdürmek, şeýle hem 17 ýaşa çenli bir oglana we bir gyza 2025-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda Roland Garros ýaryşynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga «wild card» berýän iň güýçli türgenleri kesgitlemek üçin ýaryşlar tapgyryny geçirmek barada Ähtnama gol çekdiler.

Tennis boýunça Fransiýanyň açyk çempionaty diýilýän Roland Garros ýaryşy ussatlar tennisinde Uly tuwulganyň dört ýaryşynyň biridir. Ol her ýyl Parižiň Roland Garros meýdançalarynda geçirilýär. 1891-nji ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryş 1968-nji ýyldan bäri ussat türgenler üçin açyk ýaryşa öwrüldi.