AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

08.08.2024

Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygyna sanly gün galdy

17-nji awgustda söweş sungatynyň garyşyk görnüşi boýunça çykyş edýän türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Professional Fighters League» (PFL) ýaryşynyň regulýar möwsüminiň ýarym finalynda aýgytlaýjy tutluşygyny geçirer. Döwletjanyň 1/2 finaldaky garşydaşy awstraliýaly söweşiji Rob Uilkinson bolar.

Ýagşymyradow bilen Uilkinsonyň arasyndaky duşuşyk Golliwudda (ABŞ) geçer. Ol Aşgabat wagty bilen takmynan 06:00-da başlanar. Tutluşyk ýarym agyr agram derejesinde finalda çykyş etjek pälwany kesgitlär.

Döwletjan Ýagşymyradow kamerunly Simon Biýongy ýeňmek bilen, geçen tapgyry şowly tamamlady. Bu netije onuň ýarymfinalda çykyş etmegine mümkinçilik döretdi.

Rob Uilkinson bolsa ahyrky tutluşygynda eminleriň bölekleýin karary esasynda, amerikan söweşijisi Joşua Silwany ýeňmegi başardy.