
13.08.2024
«Aşgabat» futbol topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
«Aşgabat» futbol topary Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny üstünlikli tamamlady. Topar bu ýerdäki ahyrky ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli «Elite Falkons» futbol toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, bu duşuşyk Tofik Şukurowyň şägirtleriniň milli çempionatyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasyndaky ahyrky taýýarlygy boldy.
Türkmenistana gaýdyp geljek topar Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda 16-njy awgust güni «Ahal» bilen duşuşar.
Häzirki wagtda milli çempionatyň ýaryş tertibinde 16 utukly «Aşgabadyň» altynjy, 34 utukly «Ahalyň» bolsa üçünji orny eýeleýändigini ýatladýarys.