Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazandy
Azerbaýjanyň Towuz şäheriniň «Turan» futbol topary ýurduň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji ýeňşini gazandy. Topar 2-nji tapgyryň çägindäki duşuşykda «Sumgaýyt» toparyny kabul edip, güýçli garşydaşyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 34-nji minutda ýarymgoragçy Haýal Najafow geçirdi ― diýip, «Azerisport» habar berýär.
Şeýlelikde, ilkinji iki duşuşygynda utulmadyk «Turan-Towuz» bu duşuşyklarda toplan 4 utugy bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna geçdi.
Duşuşykdan soň «Turan-Towuzyň» baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew pikirlerini şeýle sözler bilen beýan etdi:
«Biri-birinden tapawutly iki ýarym oýnadyk. Men oýunçylarymyň birinji ýarymdaky işjeňliginden hoşal. Arakesmede hasaby goramak barada pikir alyşdyk. «Sumgaýyt» güýçli düzüminiň bardygyny oýunda subut etdi. Emeli otly meýdanda oýnamak bolsa iki topar üçin hem kynçylyk döredýär. Käbir pursatlarda bolsa oýun parahat alyp gitdik.
Biz ilkinji iki duşuşygymyzy güýçli garşydaşlar bilen geçirdik. Mundan beýläk has gowy oýny orta goýmaga çalşarys. Netijesini bolsa bilelikde göreris. Hüjümde Jona ynanýaryn, ol işjeň hereket edýär. Ýöne oňa ýene biraz wagt gerek».