
16.08.2024
Türkmen ýygyndysy suw pökgüsi boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmen türgenleri suw pökgüsi boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalyny eýelediler.
Ýaryş 12—15-nji awgust aralygynda Namangan şäherinde (Özbegistan) geçirildi.
Türkmen waterpoloçylary bu üstünlige Rahman Kulowyň hem-de Bezirgen Annaýewiň ýolbaşçylygynda ýetdiler.
Ýaryşda ýere eýeleri bolan Özbegistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy. Ikinji orny Gazagystanyň milli ýygyndysy eýeledi.
Türkmen toparyna ýurdumyzyň iň güýçli ýüzüjileriniň biriniň — Merdan Ataýewiň hem wekilçilik edýändigini aýratyn bellemelidiris.