AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.08.2024

Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejede PFL-iň finalyna çykdy

ABŞ-nyň Golliwud şäherinde garyşyk göreş boýunça PFL 8 ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşyň esasy duşuşyklarynyň birinde türkmen göreşijisi Döwletjan Ýagşymyradow bilen awstraliýaly Rob Wilkinson duşuşdy.

PFL-iň ýarym agyr agramdaky Granpriniň ýarym finalynda geçirilen bu tutluşyk eminleriiň biragyzdan ses bermegi esasynda Ýagşymyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy (30-27, 30-27, 30-27).

Bu Döwletjan üçin yzly-yzyna 6-njy, PFL-de bolsa 3-nji ýeňşi boldy.

Indi Ýagşymyradow finalda Impa Kasanganaý bilen Joşua Silweýranyň arasyndaky tutluşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.