AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.08.2024

Türkmenistanly eminler CAFA-2024-e gatnaşarlar

Türkmenistanly futbol eminleri ýetginjekleriň arasynda Duşenbede geçiriljek CAFA ― 2024-iň duşuşyklaryny alyp bararlar.

Türkmenistanly futbol eminleri Duşenbe şäherinde (Täjigistan) geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň duşuşyklaryny alyp barmak üçin çagyryldy.

Ýaryşa Türkmenistandan emin hökmünde Arslan Goşşanow hem-de eminleriň gözegçisi hökmünde Çarymyrat Gurbanow gatnaşar.

Sebit çempionatynyň 17 ― 24-nji awgust aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Oňa Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylary wekilçilik eder.

CAFA-nyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry bir aýlawdan ybarat bolar. Şol duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelän ýygyndylar final duşuşygyna gatnaşar, ikinji orunlary eýelänler bolsa umumy ýaryşyň üçünji orny üçin göreşerler. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda bäşinji-altynjy orunlary kesgitleýän duşuşyk hem geçiriler. Çempionatyň duşuşyklarynyň ählisini Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler.